Hoşniýetli gatnaşyklaryň beýik nusgasy

15 Mart 2022
977

Öňňin Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň rus we iňlis dillerinde neşir edilen «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Milli Liderimiziň «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary bilen geçýän şu ýylda çap edilen kitaby halkymyza ajaýyp sowgat boldy. Täze neşir hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurt dillerinde çap edilen köp sanly kitaplarynyň üstüni ýetirdi. Munuň özi döwlet Baştutanymyza çuňňur hormatyň, milli Liderimiziň ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň berkidilmegi ugrunda bitiren uly hyzmatlarynyň ykrarnamasydyr.

«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar