Ählumumy hyzmatdaşlygyň belent derejesi

4 Mart 2022
1137

3-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germany kabul etdi.

Milli Liderimiz BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen mähirli salamlaşdy hem-de oňa Döwletimiziň halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş sekretary jenap Antoniu Guterrişe mähirli salamyny we saglyk hem-de rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

«Nesil».
Beýleki habarlar