"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary: wakalar, pursatlar, görnüşler

Ulag-logistika: röwşen geljek

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen mejlisinde kabul edilen taryhy resminamada — «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýurdumyzyň ulag-logistika ugrunda hem durmuşa geçirilmeli anyk çäreleriň göz öňünde tutulmagy degişli düzümiň ösüşini üpjün etmegiň geljekki ugurlaryny kesgitledi. Bu Maksatnamada, hususan-da, ýurdumyzyň ykdysady-geografik ýerleşişiniň amatlyklaryndan netijeli peýdalanyp, multimodal ulag geçelgelerini we ugurlaryny döretmek, ulag-logistika ulgamlarynyň ösmegi üçin amatly şertleri üpjün etmek boýunça anyk wezipeler barada aýdylýar. Türkmenistanda kämil ulag-üstaşyr düzümlerini kemala getirmekde asyrlaryň dowamynda Gündogar bilen Günbataryň arasynda özboluşly köpri bolup hyzmat eden Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegi uly ähmiýete eýedir. Bu taslama diňe bir ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine däl, eýsem, tutuş dünýädäki hojalyk gatnaşyklarynyň ösüşine hem uly itergi berer. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň sebitdäki ulag-logistika düzümleriniň kuwwatyny ösdürmek babatda öňe sürýän halkara başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda gepleşikler geçirildi

Aşgabat, 2-nji aprel. Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda gepleşikler geçirildi. Şu gezekki ýokary derejedäki duşuşyk däp bolan dostlukly türkmen-hindi gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolunda nobatdaky netijeli ädime öwrüler. Bu gatnaşyklar häzirki döwürde taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine daýanyp, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji saparyny amala aşyrýandygyny bellemeli.

Türkmenistan — Hindistan: dostlukly hyzmatdaşlygyň hatyrasyna

Hindistan diýilse, ajaýyp dostluk ülkesi göz öňüňe gelýär. Muny Magtymguly atamyzyň «Hindige bagş etdiň ýeriň ýagşysyn» diýen setirlerinden hem aňyp bolýar. Hindistan dost-doganlyk babatda halkymyza iň ýakymly duýgulary peşgeş beren döwletdir. Ýa bolmasa hindi gözellerini wasp edip şygyr ýazan şahyr Gara Seýitliýewiň şygyrlary bada-bat ýadyňa düşýär. Baýram han türkmeniň ajaýyp şygyrlary, gözel Täçmahal biziň kalbymyzda ýaşamagyny dowam edýär. Garaz, Hindistan diýilse, her bir türkmeniň ýüreginde ýakymly ýatlamalaryň kändigine isledigiňçe mysal getirmek bolar. Hindistanyň özüniň daşary syýasatynda Merkezi Aziýa sebitiniň garaşsyz döwletleri, aýratyn-da, Türkmenistan bilen däp bolan, gadymdan gelýän gatnaşyklary ösdürmäge üns berýär. Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 20-nji aprelinde ýola goýuldy.

Birža söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 45-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Gonkongdan, Türkiýeden, Owganystandan, Germaniýadan, Özbegistandan, BAE-den we Maltadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen piroliz benzinini, piroliz galyndylaryny, garyşyk parafin gaçyny, polipropileni, awtobenzini we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 26 million 722 müň 500 dollaryna deň boldy.

«Alibaba» «Nreal»-a ABŞ-nyň 60 million dollaryny maýa goýar

«Alibaba» kompaniýasy internet söwdalaryny artdyrmak maksady bilen, Hytaýyň internet enjamlaryny, şol sanda giňeldilen wirtual şekilleri görkezýän «Augmented Reality» äýneklerini öndürýän «Nreal» kompaniýasyna ABŞ-nyň 60 million dollary möçberinde maýa goýmagy meýilleşdirýär. Kompaniýanyň maýadarlarynyň hataryna «Kuaishou Technology», «iQiyi», «Sequoia China», «Hillhouse» we Jek Manyň «Yunfeng Capital»-y ýaly meşhur wençura firmalary we tehnologiýa ägirtleri girýär. «Nreal»-da häzirki wagtda 400 töweregi hünärmen işleýär. Kompaniýanyň öndürýän äýnekleri aragatnaşyk kärhanalary hem-de «Verizon Communications»-iň üsti bilen bazara çykarylýar.

«HP» «Poly»-ny ABŞ-nyň 3,3 milliard dollaryna satyn alýar

Geçen hepde «HP» «Poly»-nyň (öňki «Plantronics») her paýnamasyna ABŞ-nyň 40 dollaryny nagt tölemek arkaly satyn almak barada şertnama baglaşandygyny habar berdi. «HP» elektronikanyň geljegi uly pudagynda taýýar çözgütler toplumyna eýe bolmagy maksat edinýär. Geleşigiň umumy bahasy ABŞ-nyň 3,3 milliard dollaryna barabar bolar. «Poly» uzak aralyk, gibrid we ykjam işleri, telekonferensiýa, telelukmançylyk hünärmenleriniň gündelik işleri, tehniki goldaw, metbugat merkezleri üçin çözgütleri öndürýär. Geçen hepdäniň birža söwdalarynda «HP»-niň paýnamalary ABŞ-nyň 38,75 dollaryndan bahalandy.

Köpasyrlyk türkmen-hindi taryhy-medeni gatnaşyklary baýlaşdyrylýar

Aşgabat, 3-nji aprel (TDH). Şu gün — Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň Türkmenistana döwlet saparynyň üçünji güni. Düýn paýtagtymyzda döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleler boýunça ýokary derejedäki gepleşikleri üstünlikli geçirildi. Geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyklaryň gazanylmagy, olaryň döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilmegi saparyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny aňladýar. Däp bolan dostlukly gatnaşyklary türkmen we hindi halklarynyň bähbidine laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekilmegi taraplaryň Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine gyzyklanmalaryny tassyklaýar.

Hoşniýetli gatnaşyklar pugtalandyrylýar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasyndaky dowam edip gelýän köpugurly gatnaşyklar ägirt uly kuwwata eýe bolýar. Muňa Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň ýurdumyza döwlet saparynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Ýokary derejede geçirilýän gepleşikleriň çäklerinde iki ýurduň bähbitleri nazara alnyp, ençeme ylalaşyklar gazanylar. Türkmen-hindi diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň hem-de Hindistanyň Garaşsyzlygynyň 75 ýyllyk ýubileýiniň baýram edilýän ýylyndaky bu duşuşyklar aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Iki dostlukly ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjek ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Hindistan ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny ykrar eden dünýäniň ilkinji döwletleriniň biridir. Bu günki günde iki ýurduň arasynda möhüm ykdysady-söwda we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Şonuň netijesinde ylym, bilim, medeniýet, saglyk, sungat, syýahatçylyk, sport we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamlarynda hyzmatdaşlyk netijeli häsiýete eýe bolýar. Geçen 30 ýylyň içinde syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym-bilim ugurlarda durmuşa geçirilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk iki dostlukly ýurduň ykdysadyýetini pugtalandyrmaga ýardam berdi. Munuň özi gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan dost-doganlygyň mi

Dost-doganlygyň aýdyň beýany

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Biz dünýäniň ähli ýurtlary we halklary üçin açykdyrys. Olar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary geljekde-de ösdürmegi maksat edinýäris. Ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň ýokary halkara abraýyny has-da berkideris. Sebäbi Watanymyzyň mertebesi halkymyzyň mertebesidir!» diýip belleýär. Munuň aýdyň subutnamasyny diplomatik gatnaşyklaryny 30 ýylyň dowamynda netijeli alyp barýan türkmen-hindi hyzmatdaşlygynda görýäris. Hormatly Arkadagymyz «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly kitabynda: «Türkmenistan üçin Hindistan ýakyn dostdur we möhüm hyzmatdaşdyr. Hindistan Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny dünýäde ilkinjileriň biri bolup ykrar eden döwletdir. Biz Hindistanyň ählumumy işlerde tapawutlandyrýan oňyn we oýlanyşykly syýasatyna, onuň dünýäde eýeleýän möhüm ornuna uly hormat goýmak bilen garaýarys» diýip belleýär.

Ýokary derejeli türkmen-hindi gepleşikleriniň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi

Şu gün — 2-nji aprelde «Oguz han» köşkler toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana ilkinji döwlet saparyny amala aşyrýan Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda gepleşikler geçirildi. Onuň netijeleri boýunça dürli ugurlarda türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga ýardam berjek ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Iki döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda gol çekilen resminamalaryň hatarynda Adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugy bilen Hindistan Respublikasynyň Maliýe aňtawçylygy edarasynyň arasynda Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, predikat jenaýatlary we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly maliýe maglumatlary alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda alşylan Ähtnama; Ýaşlar babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň Ýaşlar işleri we sport ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeniý

Türkmen-hindi dost-doganlyk gatnaşyklary barha berkeýär

Hemmämize mälim bolşy ýaly, Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrýar. Doganlyk ýurduň döwlet Baştutanynyň ýurdumyza bu ilkinji taryhy saparydyr. Bu saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda ýokary derejedäki duşuşyklar geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde bilelikdäki deňhukukly hyzmatdaşlygyň netijesinde ösüşiň täze basgançaklary kesgitlendi. Iki halklaryň bähbidine laýyk gelýän açyklyk we özara düşünişmek esasynda geçirilen gepleşikler halklaryň durmuşynda taryhy özgertmelere badalga berdi.

Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary başlandy

Aşgabat, 1-nji aprel. Şu gün Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi. Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany garşylamak dabarasy boldy. Hindistanyň Baştutanynyň gelmeginiň hormatyna haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler.

Asyrlary arka atan dostluk

Ýollar yklymlary, ýürekler ykballary ýakynlaşdyrýar. Niçikmi, Hindistan hakynda söhbede nobat ýetende, şu pikirler seriňe dolýar. Hindistan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 20-nji aprelinde resmi taýdan ýola goýuldy. Geçen 30 ýylyň içinde syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym-bilim, tehnologiýalar, ählumumy howpsuzlyk bilen bagly dürli ugurlarda amala aşyrylýan hyzmatdaşlyk iki ýurduň hem taryhy asyrlara uzaýan dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny görkezdi. Aslynda, türkmen-hindi gatnaşyklarynyň taryhy ýyllaryň çäginden çykyp, asyrlara uzaýar. Aýlanyp duran eýýamlarda Hindistanyň taryhynda türkmenler bilen bagly ençeme sahypalar ýazyldy. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhy diňe kitap sahypalarynda däl, dünýä binagärliginiň merjeni bolan, jahankeşdeleri barha özüne imrindirýän, dünýäniň ýedi täsinliginiň biri Täçmahal mawzoleýi, Hindistanyň ýedinji gudraty hasaplanýan Kutb-Minar minarasy, Türkmen derwezesi, Abdyrahym hanyň kümmeti ýaly binalarda hem saklanyp galypdyr. Olar taryhdaş, ýürekdeş türkmen we hindi halklarynyň mizemez dostlugynyň binalardaky keşbidir. Hindistanyň ýüreginde dikilen türkmen dostlugynyň simwollarydyr. Biz muňa 2019-njy ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň žurnalistleriniň Hindistan Respublikasy bilen tanyşlyk sapary mahalynda ýene bir ýola göz ýetirdik...

Türkmenistan — Hindistan: dost-doganlyga esaslanýan gatnaşyklar (Ýaş žurnalistiň sözi)

Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrýar Ähli zadyň ilkinjisi hemişe ýatda galagan bolýar. Aýratynam, duşuşyklaryň. Ynha, ýurdumyza ilkinji gezek döwlet saparyny amala aşyrýan Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygy hem hakydamyzda baky galjak taryhy waka bolar. Çünki bu duşuşyk hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem Prezident wezipesine girişenden soňra geçirýän ilkinji ýokary derejeli duşuşygydyr.

Hoşniýetli hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklary barha pugtalanýar. Özara bähbitli we deňhukukly gatnaşyklar berkarar ýurdumyz bilen daşary ýurtlaryň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlyklaryň binýadyny has-da berkidýär. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 19-njy martynda wezipä girişmek dabarasynda eden taryhy çykyşynda «Biz dünýäniň ähli ýurtlary we halklary üçin açykdyrys. Olar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary geljekde-de ösdürmegi maksat edinýäris.

Ösü­şiň Türk­men nus­ga­sy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:— Biziň döwletimiz zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem ilata beýleki durmuş kömeklerini bermek boýunça görülýän çäreleri hiç wagt ünsden düşürmez. Bar­ha ro­waç­lan­ýan ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­tyn­da ila­tyň dur­muş taý­dan go­rag­ly­ly­gy­ny has-da ýo­ka­ry de­re­jä çykar­mak ba­ba­tyn­da ne­ti­je­li çä­re­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Munuň öze­nin­de bol­sa halkyň hal-ýag­da­ýy­ny düýp­li ýo­kar­lan­dyr­mak, eş­ret­li dur­muş­da ýa­şat­magy ýa­ly mö­hüm we­zi­pe­ler dur­ýar. Bu iş­ler ba­zar yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­na ge­çil­ýän şert­ler­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dur­nuk­ly we saz­la­şyk­ly ösü­şi­ni üp­jün ed­ýär.

Hyz­mat­lar ul­ga­my kämilleşýär

Täze taryhy döwürde Türkmenistanda eksporta gönükdirilen we importy çalyşýan önümçilikleri ösdürmekde, ýagny daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalary işe girizmek üçin düýpli maýa goýumlary sarp edilýär. Milli ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi barha ýokarlanýar. Olar täze önümçilikleri döretmäge, durmuş maksatly binalary gurmaga, şeýle hem dürli hyzmatlary guramaga ýardam berýär. Şular bilen birlikde, ykdysadyýetimiziň hyzmatlar ulgamy innowasion esaslarda ösdürilip, ygtybarly çözgütler kabul edilýär. Häzirki döwürde hyzmatlar ulgamynyň ulag, syýahatçylyk, ätiýaçlandyryş, söwda, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, aragatnaşyk, bank pudaklaryna gatnaşygy işjeň häsiýete eýedir. Munuň özi ady agzalan pudaklaryň hyzmatlar ulgamyna islegleriň barha artýandygy bilen şertlendirilýär. Şu jähtden, pudaklar öndürýän önümlerini we hödürleýän hyzmatlaryny müşderilere tiz we gysga wagtda elýeterli etmek üçin hyzmatlar ulgamynyň kömegine daýanýarlar.

Ýangyç-energetika: Türkmenistan — geljegi uly hyzmatdaş

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça 29-njy martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» otelinde başlan iki günlük halkara forum düýn «Täze energetika eýýamynda maýa goýum taslamalarynyň mümkinçilikleri», «Durnukly energetikany goldamakda maliýe institutlarynyň orny», «Uglewodorodlary çykarmakda we ugurdaş gazlaryň zyňyndylaryny azaltmakda innowasion tehnologiýalar we nou-haular», «Uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek we ugratmak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň tejribesi, mümkinçilikleri we geljegi» ýaly degişli mowzuklar boýunça öz işini dowam etdi. Onda dünýäniň belli nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleri bu ugurda toplan tejribeleri we täze işläp taýýarlamalary bilen tanyşdyrdylar. Halkara forum ýangyç-energetika pudagy boýunça türkmen we daşary ýurtly hünärmenleriň pikir hem-de tejribe alyşmagy babatda netijeli häsiýete eýe boldy. Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Halkara çäräniň jemleýji gününde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar hem geçirildi. Olarda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň wekilleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlar özara bähbitli gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum

Aşgabat, 29-njy mart. Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işine başlady. Forumy “Türkmengaz”, “Türkmennebit” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda, “Gaffney Cline” britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guradylar. Paýtagtymyzda dünýäniň onlarça döwleti bilen onlaýn tertipde geçirilen bu çäräniň baş maksady ýurdumyzyň energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek we ýangyç-energetika toplumyna daşary ýurtlaryň maýa goýumlaryny çekmegiň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça gatnaşyklary berkitmekden ybaratdyr.