Türkmen-hindi dost-doganlyk gatnaşyklary barha berkeýär

2 Aprel 2022
1044

Hemmämize mälim bolşy ýaly, Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrýar. Doganlyk ýurduň döwlet Baştutanynyň ýurdumyza bu ilkinji taryhy saparydyr. Bu saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda ýokary derejedäki duşuşyklar geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde bilelikdäki deňhukukly hyzmatdaşlygyň netijesinde ösüşiň täze basgançaklary kesgitlendi.

Iki halklaryň bähbidine laýyk gelýän açyklyk we özara düşünişmek esasynda geçirilen gepleşikler halklaryň durmuşynda taryhy özgertmelere badalga berdi.

«Bereketli toprak».
Beýleki habarlar