Türkmenistan — Hindistan: dostlukly hyzmatdaşlygyň hatyrasyna

4 Aprel 2022
924

Hindistan diýilse, ajaýyp dostluk ülkesi göz öňüňe gelýär. Muny Magtymguly atamyzyň «Hindige bagş etdiň ýeriň ýagşysyn» diýen setirlerinden hem aňyp bolýar. Hindistan dost-doganlyk babatda halkymyza iň ýakymly duýgulary peşgeş beren döwletdir. Ýa bolmasa hindi gözellerini wasp edip şygyr ýazan şahyr Gara Seýitliýewiň şygyrlary bada-bat ýadyňa düşýär. Baýram han türkmeniň ajaýyp şygyrlary, gözel Täçmahal biziň kalbymyzda ýaşamagyny dowam edýär. Garaz, Hindistan diýilse, her bir türkmeniň ýüreginde ýakymly ýatlamalaryň kändigine isledigiňçe mysal getirmek bolar.

Hindistanyň özüniň daşary syýasatynda Merkezi Aziýa sebitiniň garaşsyz döwletleri, aýratyn-da, Türkmenistan bilen däp bolan, gadymdan gelýän gatnaşyklary ösdürmäge üns berýär. Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 20-nji aprelinde ýola goýuldy.

Gurbanjemal EGIRJÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 3-nji ýyl talyby.
Beýleki habarlar