«Alibaba» «Nreal»-a ABŞ-nyň 60 million dollaryny maýa goýar

4 Aprel 2022
748

«Alibaba» kompaniýasy internet söwdalaryny artdyrmak maksady bilen, Hytaýyň internet enjamlaryny, şol sanda giňeldilen wirtual şekilleri görkezýän «Augmented Reality» äýneklerini öndürýän «Nreal» kompaniýasyna ABŞ-nyň 60 million dollary möçberinde maýa goýmagy meýilleşdirýär. Kompaniýanyň maýadarlarynyň hataryna «Kuaishou Technology», «iQiyi», «Sequoia China», «Hillhouse» we Jek Manyň «Yunfeng Capital»-y ýaly meşhur wençura firmalary we tehnologiýa ägirtleri girýär. «Nreal»-da häzirki wagtda 400 töweregi hünärmen işleýär. Kompaniýanyň öndürýän äýnekleri aragatnaşyk kärhanalary hem-de «Verizon Communications»-iň üsti bilen bazara çykarylýar.


Gülälek TÄÇMEDOWA,
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar