Köpasyrlyk türkmen-hindi taryhy-medeni gatnaşyklary baýlaşdyrylýar

4 Aprel 2022
904

Aşgabat, 3-nji aprel (TDH). Şu gün — Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň Türkmenistana döwlet saparynyň üçünji güni. Düýn paýtagtymyzda döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleler boýunça ýokary derejedäki gepleşikleri üstünlikli geçirildi.

Geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyklaryň gazanylmagy, olaryň döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilmegi saparyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny aňladýar. Däp bolan dostlukly gatnaşyklary türkmen we hindi halklarynyň bähbidine laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekilmegi taraplaryň Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine gyzyklanmalaryny tassyklaýar.

Beýleki habarlar