Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow:
— Biziň döwletimiz zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem ilata beýleki durmuş kömeklerini bermek boýunça görülýän çäreleri hiç wagt ünsden düşürmez.
Barha rowaçlanýan ýurdumyzyň durmuş-ykdysady syýasatynda ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny has-da ýokary derejä çykarmak babatynda netijeli çäreler amala aşyrylýar. Munuň özeninde bolsa halkyň hal-ýagdaýyny düýpli ýokarlandyrmak, eşretli durmuşda ýaşatmagy ýaly möhüm wezipeler durýar. Bu işler bazar ykdysady gatnaşyklaryna geçilýän şertlerde milli ykdysadyýetiň durnukly we sazlaşykly ösüşini üpjün edýär.