"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Parlament diplomatiýasy: parahatçylyk, özara düşünişmek

12-nji maýda paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy geçirildi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu forumy geçirmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Forumyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Konstitusiýa binasyna gül goýmak dabarasy boldy.

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň Aşgabat Jarnamasy

2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Aşgabat şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna gatnaşyjylar bolan biz; Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň parlamentlerine wekilçilik etmek bilen;

Halkara çäreler — täze mümkinçilikler

Paýtagtymyzda «Merkezi Aziýa — Russiýa» görnüşinde sebitde ilkinji gezek geçirilýän iri halkara çäre — Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy we zenanlaryň dialogy üstünliklere beslendi. Forumyň işi boýunça guralan plenar mejlislerde aýry-aýry ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek, geljekki wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Biz hem halkara forumlara gatnaşyjy myhmanlaryň ýürek buýsançlaryny ýazga geçirdik.

Hazar kenarynda gardaş bir ýurt bar (Ýaş žurnalistiň sözi)

Türkmen-azerbaýjan dost-doganlygynyň taryhynyň çuňlugy-da, örüsiniň giňligi-de edil Hazar deňzi ýalydyr. Şahyryň: Seni görsem deňiz ýadyma düşýär,Deňzi küýseýşim dek küýseýän seni

Ekologiýa abadançylygy ugrunda hyzmatdaşlyk

Öňňin paýtagtymyzdaky Maslahatlar merkezinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy günüň ikinji ýarymynda öz işini plenar mejlisleriň 3-si boýunça dowam etdi. Olaryň biri «Ekologiýa abadançylygynyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna sebit hyzmatdaşlygy» diýen ugur boýunça Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirildi. Okyjylarymyza plenar mejlise gatnaşyjylaryň käbiriniň ýürek buýsanjyny ýetirýäris. Ahylbek KURIŞBAÝEW,Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň agrar meseleleri, tebigaty dolandyrmak we oba hojalyk ýerlerini ösdürmek boýunça komitetiniň kätibi:

Aşgabatda zenanlaryň dialogy geçirildi

Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogy geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda guralan bu çäre «Merkezi Aziýa — Russiýa» görnüşinde düýn geçirilen Parlamentara forumyň özboluşly dowamyna öwrüldi. «Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny» atly mowzuk boýunça öz işine başlan dialogyň plenar mejlisinde Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri çykyş etdiler. Onda jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny barada pikir alyşmalar guralyp, ähli ugurlarda gender deňliginiň üpjün edilişi, zenanlara durmuş goldawy hakynda milli tejribeler barada çykyşlara giň orun berildi.

Türkmenistanda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy geçirildi

Aşgabat, 12-nji maý. Şu gün paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy geçirildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu forumy geçirmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Türkmenistan oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, parlamentara derejede göni gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Munuň özi döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar.

Ilkinji parlamentara forum guramaçylykly geçdi

Düýn Watanymyzyň paýtagty Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy geçirildi. Ilkinji gezek geçirilýän bu foruma gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygy Talant Mamytow, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygy, Duşenbe şäheriniň başlygy Rustam Emomali, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa ýurdumyza geldiler. Forumyň dabaraly açylyşyndan soň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi. «Parlament diplomatiýasy parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň guraly bolmalydyr» diýýän Gahryman Arkadagymyz: «Sebit parahatçylygyny, durnuklylygyny we howpsuzlygyny pugtalandyrmaga ýardam bermegi bilelikdäki işimiziň ileri tutulýan ugry hasaplaýaryn» diýip, bu forumyň geçirilmeginiň uly ähmiýete eýedigini belledi.

Zenanlaryň mynasyp orny

13-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogy «Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny» diýlip atlandyryldy. Sebitiň we Russiýanyň zenanlary bir supranyň başyna jemlenip, aýal-gyzlaryň maşgalada we jemgyýetde tutýan orny, nesil terbiýesi, eneler we çagalar barada edilýän çuňňur aladalar barada ýürekden söhbet etdiler. Hyzmatdaşlygyň täze ugry bolan dialog Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň arasyndaky halkara gatnaşyklary giňeltmekde, gender syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde möhüm ähmiýetlidir. Zenanlar öý-ojagyň eýesi, mähriban ene hökmünde kemally, ilhalar, zähmetsöýer perzentleri ösdürip ýetişdirmek bilen birlikde, ýurtlaryň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer durmuşyna-da işjeň gatnaşýarlar. Gender deňliginiň üpjün edilmegi zenanlaryň döwlet gurluşynyň ähli ugurlarynda öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmegine giň mümkinçilikleri döredýär. Bu babatda dialogda çykyş eden zenanlar buýsançly belläp geçdiler.

Zenanlaryň taryhy ähmiýetli halkara dialogy

Bu günki gün dünýäde zenanlaryň hukuklary we olaryň jemgyýetdäki orunlaryny ýokarlandyrmak babatda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan düýpli işler alnyp barylýar. BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik işlerine gatnaşmagynyň derejesini ýokarlandyrmak we gender deňligini üpjün etmek babatda öňe sürýän meseleleriniň oňyn çözgütleri bu abraýly halkara guramasyna agza ýurtlaryň ösüşlerinde hem-de halkara gatnaşyklarynda möhüm orny eýeleýär. Bular bilen birlikde, zenanlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, syýasy, ykdysady we durmuşy meselelerde oňyn çözgütleriň kabul edilmeginde olaryň ornuny ýokarlandyrmak ýaly ugurlar Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň zenanlarynyň «Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny» atly mowzuk boýunça geçirilýän dialogynyň üns merkezinde bolmagy taryhy ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz: «Gözbaşyny gadymdan gelýän taryhy köklerden, ruhy-medeni gymmatlyklaryň, däp-dessurlaryň umumylygyndan alyp gaýdýan özara bähbitli hyzmatdaşlyk doganlyk halklar bilen gatnaşyklaryň binýady bolup durýar. Biziň halklarymyzy köpasyrlyk taryhy kökler, hoşniýetli dostluk, doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar» diýip, bu dialoga gatnaşyjylara Ýüzlenmesinde belleýär.

Türkmen myhmansöýerliginiň ajaýyp nusgasy

Bu gün halkara jemgyýetçiligi türkmen halkynyň milli ýol-ýörelgelerden gözbaş alýan myhmansöýerligine ýene-de bir gezek aýdyň göz ýetirdiler. 12–13-nji maýda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy we zenanlaryň dialogyna gatnaşmak üçin gelen daşary ýurtly wekiliýetleriň agzalary paýtagtymyzda gyzgyn garşylandy. Myhmanlar hepdäniň çarşenbe güni ýurdumyzyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda görkezilen «Ömür daragty» atly sahna oýnuna tomaşa etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby esasynda goýlan bu sahna eserini Türkmenistanyň halk ýazyjysy G. Daňatarow ýazdy, oýny režisýor Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri E. Işangulyýew goýdy. Bu sahna oýnunda halkymyzyň agzybirlik, jebislik, mukaddes ojak hem nesil dowamaty bilen bagly ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary bilen bagly pursatlar aktýorlaryň ýokary ussatlygy bilen milli ruhda janlandyryldy. Oýun tamamlanandan soň oňa tomaşa eden daşary ýurtly myhmanlar we ildeşlerimiz özlerinde galan ýakymly täsirlerini dowamly elçarpyşmalar arkaly äşgär etdiler. Bu sahna oýny süňňi bilen millilige ýugrulandygy sebäpli halkymyzyň myhmansöýerlik däpleriniň ajaýyp nusgasyna öwrüldi.

Parahatçylykly ösüşiň nurana ýoly

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň döredilen gününiň 30 ýyllyk baýramy giňden, uly dabaralar bilen bellenilýär. Şu ýylyň 12-13-nji maýynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogy, şeýle hem beýleki milli we halkara çäreler geçirilýär. Düýn paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy ýokary derejede geçirildi. Günüň ikinji ýarymynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň plenar mejlisleri geçirildi.

Üstünlikleriň ruhlandyryjysy

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilýän «Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy» hem-de «Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň Dialogy» ýaly iri halkara çäreleriň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň 30 ýyllyk baýramynyň uly dabaralar bilen giňden bellenilýän günlerinde geçirilmegi Bitaraplyk ýörelgelerimiziň mazmunyny baýlaşdyrýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň halkara jemgyýetçiligindäki belent abraýynyň has artýan günlerinde Esasy Kanunymyz, ýaşyl Tugumyz we onuň parahatçylykly ösüşe ruhlandyryjy güýji hakynda söhbet etmek diýseň buýsançly. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan biziň ata Watanymyz, Konstitusiýamyz biziň Esasy Kanunymyz. Ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülip, halkara gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulýan Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeleriň hukuk esaslaryny kesgitleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň döwletiň we jemgyýetiň häzirki zaman derejesiniň kanun taýdan berkidilmeginde, milli kanunçylygyň kämilleşdirilmeginde we pugtalandyrylmagynda uly ähmiýeti bar. Hut şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň güni döwlet derejesinde baýram edilýär.

Forumlara gatnaşyjy döwletleriň žurnalistleri media merkezine ýokary baha berdiler

12-nji maýda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlamentara forumynyň maksatnamasy boýunça guralan çäreleriň dessin beýan edilmeginde paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda guralan media merkezi aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy üstünlikli geçirildi

«Merkezi Aziýa — Russiýa Federasiýasy» görnüşinde sebitde ilkinji gezek geçirilýän Parlamentara forum we zenanlaryň dialogy däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykardy. Şu gün 12-nji maýda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynda Gahryman Arkadagymyz taryhy çykyş etdi. Gahryman Arkadagymyz çykyşynda milli parlamentiň many-mazmunynyň we häsiýetiniň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýandygyny nygtady. Şeýle-de, ýurdumyzda parlamentiň işiniň yzygiderli ösdürilýändigini we san taýdan düzüminiň hem ep-esli giňeldilendigini giňişleýin beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyz abraýly sylaglar bilen sylaglanyldy

Şu gün geçirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň çäklerinde sylag gowşuryş dabarasy boldy. Onda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa abraýly sylaglaryň birnäçesi berildi. Hususan-da, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Ýaşulular geňeşiniň «Hormatly ýaşulusy» ordeni, şeýle-de «Azerbaýjan dünýäsi» halkara žurnalynyň we «Dede Korkut» Milli fondunyň «Uly türk» ordeni hem-de «Ýer ýüzünde parahatçylyk üçin» atly milli baýragy bilen sylaglanyldy. Foruma gatnaşmaga gelen Azerbaýjanyň wekiliýetiniň degişli agzalary Gahryman Arkadagymyza mynasyp bolan sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdylar.

Gahryman Arkadagymyz Parlamentara forumda çykyş etdi

«Bu gün biziň Parlamentimiz diňe bir häkimiýetiň kanun çykaryjy şahasy däldir, ol türkmen halkynyň köki-damary, biziň taryhy, asyrlaryň synagyndan geçen däp-dessurlarymyzdyr. Onuň milli ösüşiň hakyky bähbitlerini beýan etmäge mümkinçilik berýän hil taýdan möhüm häsiýetnamasydyr» diýip, şu gün paýtagtymyzda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynda eden çykyşynda Gahryman Arkadagymyz aýratyn nygtady. Çäräniň dabaraly mejlisinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow giriş sözi bilen çykyş edip, bu forumyň Aşgabatda geçirilmegine ýurdumyza hem-de türkmen halkyna hormatyň nyşany hökmünde garalýandygyny aýtdy. Nygtalyşy ýaly, giň demokratik esasda saýlanan halk wekilleri adamlaryň, raýatlaryň umyt-arzuwlaryna, isleglerine we meýillerine hemmelerden oňat düşünýärler hem-de özleriniň gündelik işinde şundan ugur alýarlar. Şoňa görä-de, kanun çykaryjylyk babatda tejribe alyşmak, biziň ýurtlarymyzyň her biriniň gazanýan üstünliklerini gözlemek we olardan peýdalanmak, toplanan tejribäni oýlanyşykly ulanmak örän wajypdyr.

Aşgabatda Parlamentara forum geçirilýär

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy öz işine başlady. Oňa gatnaşyjylar ir säher bilen Türkmenistanyň Konstitusiýa binasyna gül goýdular. Soňra Maslahatlar merkezinde forumyň dabaraly mejlisi açyldy.

Paýtagtymyz myhmanlary garşylady

Mälim bolşy ýaly, 12-13-nji maýda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy we zenanlaryň dialogy geçirilýär. Düýn bu iri halkara çärelere gatnaşýan daşary ýurtly wekiliýetleriň agzalary paýtagtymyza geldiler. Aşgabat Halkara howa menzilinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlamentleriniň palatalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň geňeşiniň Baş sekretarynyň hem-de beýleki myhmanlaryň garşylanmagy üçin ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edildi. Myhmanlaryň milli däp-dessurlarymyza laýyklykda garşylanmagy, köçeleriň ugrunda forumlara gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň, dürli dillerdäki ýazgylardyr bezegli diwarlyklaryň bolmagy halkymyzyň myhmansöýerlik ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýar.

«Aşgabat forumyndan möhüm netijelere garaşýarys»

Şu gün — 11-nji maýda parahatçylygyň hem dost-doganlygyň mekany hasaplanýan ak şäherimiz Aşgabat Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşmaga gelen myhmanlary garşylady. Dostlukly ýurtlaryň parlamentarileridir ýokary döwlet wezipelerinde işleýän zenanlary, žurnalistler paýtagtymyzyň kaşaň myhmanhanalarynda ýerleşip, şäheriň gözel künjeklerine baryp gördüler. Biz Aşgabat forumynyň ilkinji myhmanlarynyň käbirleri bilen gürrüňdeş bolup, olaryň bu ýokary derejeli çäreler baradaky pikir-garaýyşlary bilen gyzyklandyk.