Gahryman Arkadagymyz Parlamentara forumda çykyş etdi

12 Maý 2022
903

«Bu gün biziň Parlamentimiz diňe bir häkimiýetiň kanun çykaryjy şahasy däldir, ol türkmen halkynyň köki-damary, biziň taryhy, asyrlaryň synagyndan geçen däp-dessurlarymyzdyr. Onuň milli ösüşiň hakyky bähbitlerini beýan etmäge mümkinçilik berýän hil taýdan möhüm häsiýetnamasydyr» diýip, şu gün paýtagtymyzda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynda eden çykyşynda Gahryman Arkadagymyz aýratyn nygtady.

Çäräniň dabaraly mejlisinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow giriş sözi bilen çykyş edip, bu forumyň Aşgabatda geçirilmegine ýurdumyza hem-de türkmen halkyna hormatyň nyşany hökmünde garalýandygyny aýtdy. Nygtalyşy ýaly, giň demokratik esasda saýlanan halk wekilleri adamlaryň, raýatlaryň umyt-arzuwlaryna, isleglerine we meýillerine hemmelerden oňat düşünýärler hem-de özleriniň gündelik işinde şundan ugur alýarlar. Şoňa görä-de, kanun çykaryjylyk babatda tejribe alyşmak, biziň ýurtlarymyzyň her biriniň gazanýan üstünliklerini gözlemek we olardan peýdalanmak, toplanan tejribäni oýlanyşykly ulanmak örän wajypdyr.

«Türkmenistan»
Beýleki habarlar