Üstünlikleriň ruhlandyryjysy

12 Maý 2022
717

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilýän «Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy» hem-de «Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň Dialogy» ýaly iri halkara çäreleriň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň 30 ýyllyk baýramynyň uly dabaralar bilen giňden bellenilýän günlerinde geçirilmegi Bitaraplyk ýörelgelerimiziň mazmunyny baýlaşdyrýar.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň halkara jemgyýetçiligindäki belent abraýynyň has artýan günlerinde Esasy Kanunymyz, ýaşyl Tugumyz we onuň parahatçylykly ösüşe ruhlandyryjy güýji hakynda söhbet etmek diýseň buýsançly. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan biziň ata Watanymyz, Konstitusiýamyz biziň Esasy Kanunymyz. Ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülip, halkara gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulýan Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeleriň hukuk esaslaryny kesgitleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň döwletiň we jemgyýetiň häzirki zaman derejesiniň kanun taýdan berkidilmeginde, milli kanunçylygyň kämilleşdirilmeginde we pugtalandyrylmagynda uly ähmiýeti bar. Hut şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň güni döwlet derejesinde baýram edilýär.

Mekan GURBANOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy.
Beýleki habarlar