Türkmen myhmansöýerliginiň ajaýyp nusgasy

13 Maý 2022
824

Bu gün halkara jemgyýetçiligi türkmen halkynyň milli ýol-ýörelgelerden gözbaş alýan myhmansöýerligine ýene-de bir gezek aýdyň göz ýetirdiler. 12–13-nji maýda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy we zenanlaryň dialogyna gatnaşmak üçin gelen daşary ýurtly wekiliýetleriň agzalary paýtagtymyzda gyzgyn garşylandy. Myhmanlar hepdäniň çarşenbe güni ýurdumyzyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda görkezilen «Ömür daragty» atly sahna oýnuna tomaşa etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby esasynda goýlan bu sahna eserini Türkmenistanyň halk ýazyjysy G. Daňatarow ýazdy, oýny režisýor Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri E. Işangulyýew goýdy.

Bu sahna oýnunda halkymyzyň agzybirlik, jebislik, mukaddes ojak hem nesil dowamaty bilen bagly ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary bilen bagly pursatlar aktýorlaryň ýokary ussatlygy bilen milli ruhda janlandyryldy. Oýun tamamlanandan soň oňa tomaşa eden daşary ýurtly myhmanlar we ildeşlerimiz özlerinde galan ýakymly täsirlerini dowamly elçarpyşmalar arkaly äşgär etdiler. Bu sahna oýny süňňi bilen millilige ýugrulandygy sebäpli halkymyzyň myhmansöýerlik däpleriniň ajaýyp nusgasyna öwrüldi.

Nurtäç ANNAMUHAMMEDOWA,
«Garagum».
Beýleki habarlar