"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy bilen duşuşygy

Aşgabat, 20-nji ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň düýn resmi sapar bilen ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin bilen duşuşygynyň dowamynda döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyk başlamazdan ozal, Gahryman Arkadagymyz hem-de belent mertebeli myhman iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Russiýanyň Türkmenistandan üstaşyr ýük gatnawlary 4 esse artdy

Russiýadan geçen ýylyň deslapky jemleri boýunça Türkmenistanyň çäklerinden sebitiň beýleki ýurtlaryna geçirilýän ýük gatnawlary 4 esse artdy diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni Aşgabatda geçirilen türkmen-rus işewürlik maslahatynyň dowamynda eden çykyşynda aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi. “Russiýanyň wekiliýetiniň şeýle wekilçilikli düzümi, onuň ýokary derejesi, ýurduň dürli sebitlerine giň wekilçiligi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanmanyň, hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygynyň subutnamasydyr. Işewürlik maslahaty türkmen-rus gatnaşyklaryna täze itergi, ozaly bilen, döwletara hyzmatdaşlygyň ykdysady ugrunyň ösdürilmegine ýardam berer” diýip, Raşid Meredow belledi.

«KamAZ» elektrobuslarynyň 2-sini Türkmenistana synag etmek üçin iberdi

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «KamAZ» kompaniýasy özüniň öndüren elektrobuslarynyň 2-sini Türkmenistana synag etmek üçin iberdi. Bu barada «KamAZ» kompaniýasynyň baş direktory Sergeý Kogogin türkmen-rus işewürlik forumynda žurnalistlere beren beýanatynda belläp geçdi. — Häzirki wagtda «KamAZ» Russiýa Federasiýasynda elektrobus önümçiligini alyp barýan öňdebaryjy kompaniýadyr. Biz hem öz gezegimizde, şunuň ýaly tehnikalary Türkmenistan teklip etmekden hoşaldyrys. «KamAZ» kysymly 2 sany elektrobus hem-de çalt zarýad berýän bekedi Türkmenistana synag etmek üçin iberdik. Geljekde Türkmenistany elektrobuslar bilen üpjün etmäge taýýardyrys – diýip, Kogogin belledi.

Türkmen-rus işewür toparlarynyň hyzmatdaşlygy täze ösüş depginlerine eýe bolýar

Aşgabat, 20-nji ýanwar (TDH). Şu gün paýtagtymyzda geçirilýän Türkmen-rus işewürlik maslahatynyň çäklerinde iki ýurduň işewür toparlarynyň köpugurly hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen çäreler boldy. “Ýyldyz” myhmanhanasynda dürli görnüşde geçirilen duşuşyklar, şeýle hem Türkmen-rus we Rus-türkmen işewürler geňeşleriniň bilelikdäki mejlisinde ikitaraplaýyn işewürlik hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de hyzmatdaşlyk meýilnamalary anyklaşdyryldy. Iki ýurduň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, iri önümçilik düzümleriniň, hususy kompaniýalarynyň arasynda geçirilen duşuşyklarda senagat kooperasiýasy, gurluşyk önümçiligi, innowasiýa hem-de maglumat tehnologiýalary, ulag-logistika, oba hojalyk pudagy, azyk önümleriniň eksporty we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri barada pikir alşylyp, anyk teklipler beýan edildi.

Türkmen-rus işewürlik maslahaty: maksatlar, meýiller, mümkinçilikler

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda iki günläp dowam eden Türkmen-rus işewürlik maslahaty diňe bir giň wekilçilikli düzümi bilen tapawutlanman, eýsem, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, senagat hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň ýolunda hem täze mümkinçilikleridir gözýetimleri açdy. Foruma dostlukly ýurduň işewürlik düzümleriniň we guramalarynyň 300-den gowrak wekiliniň gatnaşandygy-da munuň şeýledigini aýdyň görkezýär. Işewürlik maslahatyna, onuň çäginde guralan duşuşyklara gatnaşyjylar forumyň täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak, geljegi uly taslamalaryň başyny başlamak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edendigini biragyzdan tassyklaýarlar. Maksim REŞETNIKOW,Russiýa Federasiýasynyň ykdysady ösüş ministri:

Türkmen-tatar gatnaşyklary işjeňleşdirilýär

19-njy ýanwarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda türkmen-tatar gatnaşyklarynyň dürli ugurlar boýunça ösüşiniň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşligiň dowamynda birnäçe giň gerimli taslamalary amala aşyrmagyň çäklerindäki bilelikdäki işiň toplanan baý tejribesi bilen berkidilen hem-de uly geljegi bolan netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen bazarynda iri meşhur kompaniýalaryň üstünlikli hereket edýändigini, şolaryň hatarynda Tatarystanyň «KamAZ», «Tatneft», «KER-Holding», «Kazanskiý wertolýotnyý zawod» we beýlekileriň möhüm orun eýeleýändigini belledi.

Türkmenistan — Russiýa: hyzmatdaşlyk berkidilýär

19-njy ýanwarda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda geçirilen Türkmen-rus işewürlik maslahaty Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Işewürlik duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar türkmen paýtagtyna geldi. Wekiliýetiň düzümindäki ýokary wezipeli myhmanlaryň hatarynda ýurdumyzda iş sapary bilen bolan RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow we Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary bar. Şeýle hem Hökümet düzümleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, ministrlikleriň, döwlet edaralarynyň, täjirçilik däl guramalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda işleýän iri kompaniýalaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylary wekiliýetiň düzüminde ýurdumyza geldi.

Dostluk. Hoşniýetlilik. Işewürlik

Türkmen-rus hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrylýar 19-njy ýanwarda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda geçirilen Türkmen-rus işewürlik maslahaty Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy.

Türkmen-tatar gatnaşyklarynyň täze ugry

19-njy ýanwarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda türkmen-tatar gatnaşyklarynyň dürli ugurlar boýunça ösüşiniň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen-tatar gatnaşyklarynyň meselelerine berilýän hemişelik üns üçin hoşallyk sözlerini aýdyp, Rustam Minnihanow doganlyk Türkmenistana ýene-de gelip görmek mümkinçiligine örän şatdygyny nygtady. Hormatly Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine, şeýle hem Tatarystan Respublikasynyň ozalky Prezidenti M.Şaýmiýewe iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky Russiýa Federasiýasynyň Hökümet wekiliýetiniň Türkmenistana şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň berkidilmegi üçin täze mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirdi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädim

19-njy ýanwarda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda geçirilen Türkmen-rus işewürlik maslahaty Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Işewürlik duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar türkmen paýtagtyna geldi. Wekiliýetiň düzümindäki ýokary wezipeli myhmanlaryň hatarynda ýurdumyzda iş sapary bilen bolýan RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow we Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary bar.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleri açylýar

19-njy ýanwarda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda geçirilen Türkmen-rus işewürlik maslahaty Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Işewürlik duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar türkmen paýtagtyna geldi. Wekiliýetiň düzümindäki ýokary wezipeli myhmanlaryň hatarynda ýurdumyzda iş sapary bilen bolýan RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow we Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary bar. Şeýle hem Hökümet düzümleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, ministrlikleriň, döwlet edaralarynyň, täjirçilik däl guramalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda işleýän iri kompaniýalaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylary wekiliýetiň düzüminde ýurdumyza geldiler.

Türkmenistan — Russiýa: ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk diwersifikasiýalaşdyrylýar

Aşgabat, 19-njy ýanwar (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda geçirilen Türkmen-rus işewürlik maslahaty Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy.  Ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan Russiýa bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlarynyň arasynda ýokary derejede geçirilýän yzygiderli duşuşyklar, emele gelen özara düşünişmek hem-de ynanyşmak ýagdaýy, olaryň däp bolan döwletara gatnaşyklary döwrüň ýagdaýlaryna laýyk gelýän ýokary derejä çykarmaga ygrarlydyklary munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Türkmen-tatar gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň geljekki ugurlary maslahatlaşyldy

Aşgabat, 19-njy ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda türkmen-tatar gatnaşyklarynyň dürli ugurlar boýunça ösüşiniň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny ýetirdi. Türkmen-tatar gatnaşyklarynyň meselelerine berilýän hemişelik üns üçin hoşallyk sözlerini aýdyp, Rustam Minnihanow doganlyk Türkmenistana ýene-de gelip görmek mümkinçiligine örän şatdygyny nygtady.

Türkmenistan BMG-niň elektron ýol kitapçalary boýunça protokolyna goşular

Ýaňy-ýakynda Astrahan şäherinde Türkmenistanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Hazar deňzinde yzygiderli ýük gämi gatnawlaryny ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «TASS» habarlar agentligi mälim edýär. Maslahatda çykyş eden Russiýanyň Astrahan oblastynyň Hökümetiniň başlygy Denis Afanasýewiň sözlerine görä, Gyrgyz Respublikasyndan başlanýan we Russiýa uzaýan täze halkara multimodal ulag ugrunyň döredilmegi ýurtlaryň ykdysady ösüşine itergi berer. Bu halkara ulag ugrunyň esasy bölegi Türkmenistanyň üstünden geçip, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty arkaly Russiýa yzygiderli ýük gämi gatnawlarynyň ýola goýulmagyny öňe sürýär.

Türkmenistan — Russiýa: ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk diwersifikasiýalaşdyrylýar

Aşgabat, 19-njy ýanwar (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda geçirilen Türkmen-rus işewürlik maslahaty Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan Russiýa bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlarynyň arasynda ýokary derejede geçirilýän yzygiderli duşuşyklar, emele gelen özara düşünişmek hem-de ynanyşmak ýagdaýy, olaryň däp bolan döwletara gatnaşyklary döwrüň ýagdaýlaryna laýyk gelýän ýokary derejä çykarmaga ygrarlydyklary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ulag we aragatnaşyk ulgamynyň ösüşleri

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda döwletimizde häzirki zaman ulag-logistika, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamlary batly depginler bilen ösdürilýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan ulag diplomatiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Golaýda hem «Türkmenhowaýollary» agentliginiň iş meýilnamasy hem-de Raýat awiasiýanyň halkara guramasy bolan IKAO-nyň maksatnamalary esasynda Türkmenistanyň Raýat awiasiýasynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi, uçuşlaryň howpsuzlygynyň ýokary derejede üpjün edilmegi hem-de edilýän hyzmatlaryň hiliniň has-da ýokarlandyrylmagyny gazanmak maksady bilen, birnäçe döwletlere okuw iş saparlary guraldy. Biz hem bu iş saparyna gatnaşan birnäçe hünärmenler bilen söhbetdeş bolduk.  Gurbanguly HAÝDAROW,«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Aşgabat halkara howa menziliniň Uçuşlaryň howpsuzlygyny dolandyrmak we hil gözegçilik bölüminiň başlygy:

4 ýurduň wekilleri Hazarda yzygiderli gämi gatnawlaryny ýola goýmagy ara alyp maslahatlaşdylar

17-nji ýanwarda Astrahan şäherinde Türkmenistanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Hazar deňzinde yzygiderli ýük gämi gatnawlaryny ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «TASS» habarlar agentligi mälim edýär. Maslahatda çykyş eden Russiýanyň Astrahan oblastynyň Hökümetiniň başlygy Denis Afanasýewiň sözlerine görä, Gyrgyz Respublikasyndan başlanýan we Russiýa uzaýan täze halkara multimodal ulag ugrunyň döredilmegi ýurtlaryň ykdysady ösüşine itergi berer. Bu halkara ulag ugrunyň esasy bölegi Türkmenistanyň üstünden geçip, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty arkaly Russiýa yzygiderli ýük gämi gatnawlarynyň ýola goýulmagyny öňe sürýär.

Türkmen-rus hyzmatdaşlygy ösüşiň giň gözýetimlerini nazarlaýar

Türkmenistan Garaşsyzlygyny alan ilkinji günlerinden bäri Russiýa Federasiýasy bilen özara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Bu gün köpasyrlyk taryha, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine daýanýan türkmen-rus gatnaşyklary ösüşiň täze tapgyryna — çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykaryldy. Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň ýurdumyza şu gün başlanýan sapary bolsa dürli ugurly we köptaraply hyzmatdaşlygyň ösüşine depginli häsiýet bermekde nobatdaky möhüm ädime öwrüler. «Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, taryhy gatnaşyklaryň berk binýadyna daýanyp, döwletara gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrýarlar, ykdysadyýet, energetika, ulag, senagat, oba hojalyk ulgamlarynda we beýleki köp sanly ugurlarda hyzmatdaşlygyň bilelikdäki meýilnamalarynydyr maksatnamalaryny amala aşyrýarlar. Ýurtlarymyz öz gatnaşyklarynda aýdyň maksatlary görýärler we bu maksatlara ýetmek üçin hemişe taýýardyrlar. Munuň üçin bizde ähli mümkinçilikler bar». Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu dostlukly ýurda amala aşyran ilkinji resmi sapary wagtynda aýdan şu jümlelerini türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerine gysgadan anyk berlen syn diýip hasaplamak mümkin. Bu gün Türkmenistan Russiýa bilen hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmegi diňe bir daşary syýas

Hyzmatdaşlyk ösdürilýär

17-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, iki ýurduň däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassykladylar. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça okgunly ösýändigi kanagatlanma bilen bellenildi.

Däp bolan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary barha pugtalandyrylýar

17-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, iki ýurduň däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassykladylar. Bu hyzmatdaşlyk umumy bähbitlere laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça okgunly ösýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Şunda döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek arkaly amala aşyrylýandygy nygtaldy.