Türkmenistan — Russiýa: ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk diwersifikasiýalaşdyrylýar

20 Ýanwar 2023
405

Aşgabat, 19-njy ýanwar (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda geçirilen Türkmen-rus işewürlik maslahaty Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy.

Ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan Russiýa bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlarynyň arasynda ýokary derejede geçirilýän yzygiderli duşuşyklar, emele gelen özara düşünişmek hem-de ynanyşmak ýagdaýy, olaryň däp bolan döwletara gatnaşyklary döwrüň ýagdaýlaryna laýyk gelýän ýokary derejä çykarmaga ygrarlydyklary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Beýleki habarlar