Türkmen-tatar gatnaşyklary işjeňleşdirilýär

20 Ýanwar 2023
451

19-njy ýanwarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda türkmen-tatar gatnaşyklarynyň dürli ugurlar boýunça ösüşiniň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda birnäçe giň gerimli taslamalary amala aşyrmagyň çäklerindäki bilelikdäki işiň toplanan baý tejribesi bilen berkidilen hem-de uly geljegi bolan netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen bazarynda iri meşhur kompaniýalaryň üstünlikli hereket edýändigini, şolaryň hatarynda Tatarystanyň «KamAZ», «Tatneft», «KER-Holding», «Kazanskiý wertolýotnyý zawod» we beýlekileriň möhüm orun eýeleýändigini belledi.

«Watan».
Beýleki habarlar