Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädim

20 Ýanwar 2023
427

19-njy ýanwarda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda geçirilen Türkmen-rus işewürlik maslahaty Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy.

Işewürlik duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar türkmen paýtagtyna geldi. Wekiliýetiň düzümindäki ýokary wezipeli myhmanlaryň hatarynda ýurdumyzda iş sapary bilen bolýan RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow we Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary bar.

«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar