Türkmen-tatar gatnaşyklarynyň täze ugry

20 Ýanwar 2023
400

19-njy ýanwarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda türkmen-tatar gatnaşyklarynyň dürli ugurlar boýunça ösüşiniň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen-tatar gatnaşyklarynyň meselelerine berilýän hemişelik üns üçin hoşallyk sözlerini aýdyp, Rustam Minnihanow doganlyk Türkmenistana ýene-de gelip görmek mümkinçiligine örän şatdygyny nygtady. Hormatly Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine, şeýle hem Tatarystan Respublikasynyň ozalky Prezidenti M.Şaýmiýewe iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky Russiýa Federasiýasynyň Hökümet wekiliýetiniň Türkmenistana şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň berkidilmegi üçin täze mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirdi.

"Nesil".
Beýleki habarlar