Türkmen-tatar gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň geljekki ugurlary maslahatlaşyldy

20 Ýanwar 2023
1057

Aşgabat, 19-njy ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda türkmen-tatar gatnaşyklarynyň dürli ugurlar boýunça ösüşiniň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Myhman mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny ýetirdi. Türkmen-tatar gatnaşyklarynyň meselelerine berilýän hemişelik üns üçin hoşallyk sözlerini aýdyp, Rustam Minnihanow doganlyk Türkmenistana ýene-de gelip görmek mümkinçiligine örän şatdygyny nygtady.

Beýleki habarlar