Türkmen-rus hyzmatdaşlygy ösüşiň giň gözýetimlerini nazarlaýar

19 Ýanwar 2023
583

Türkmenistan Garaşsyzlygyny alan ilkinji günlerinden bäri Russiýa Federasiýasy bilen özara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Bu gün köpasyrlyk taryha, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine daýanýan türkmen-rus gatnaşyklary ösüşiň täze tapgyryna — çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykaryldy. Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň ýurdumyza şu gün başlanýan sapary bolsa dürli ugurly we köptaraply hyzmatdaşlygyň ösüşine depginli häsiýet bermekde nobatdaky möhüm ädime öwrüler.

«Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, taryhy gatnaşyklaryň berk binýadyna daýanyp, döwletara gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrýarlar, ykdysadyýet, energetika, ulag, senagat, oba hojalyk ulgamlarynda we beýleki köp sanly ugurlarda hyzmatdaşlygyň bilelikdäki meýilnamalarynydyr maksatnamalaryny amala aşyrýarlar. Ýurtlarymyz öz gatnaşyklarynda aýdyň maksatlary görýärler we bu maksatlara ýetmek üçin hemişe taýýardyrlar. Munuň üçin bizde ähli mümkinçilikler bar». Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu dostlukly ýurda amala aşyran ilkinji resmi sapary wagtynda aýdan şu jümlelerini türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerine gysgadan anyk berlen syn diýip hasaplamak mümkin. Bu gün Türkmenistan Russiýa bilen hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmegi diňe bir daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlemän, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň, Hazar «bäşliginiň», «Merkezi Aziýa — Russiýa» dialogynyň, «Merkezi Aziýa — Russiýa» parlament meýdançasynyň çäginde hem bu ýurt bilen işjeň gatnaşyklary ilerledýär. Dostlukly döwletiň Lideri Wladimir Putin bilen Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasyndaky şahsy ynanyşmak we dostluk gatnaşyklarynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp derejede dowam etdirilmegi bolsa giň möçberli hyzmatdaşlygyň üstünliginiň esasy şertini emele getirýär.

«Türkmenistan»
Beýleki habarlar