"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Russiýanyň demir ýol kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Rossiýskiýe železnyýe dorogi” APJ-niň Baş direktory — müdiriýetiniň başlygy Oleg Belozýorowy kabul etdi. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy hem-de türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Russiýanyň kompaniýalarynyň, hususan-da, özüniň ýolbaşçylyk edýän iri ulag kompaniýasynyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýyl Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 28-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistanda wezipä täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ismail Haldini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Ishak Gersogyň we Premýer-ministr Benýamin Netanýahunyň mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Doly ygtyýarly wekil hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan döredijilikli daşary syýasaty bilen halkara giňişlikde ägirt uly abraýa eýe bolan Türkmenistanda Ysraýyl Döwletine wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi.

Daşary işler ministrliginde brifing geçirildi

Aşgabat, 28-nji mart (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde Arkadag şäherine, bu taslamanyň Türkmenistan üçin uly ähmiýetine hem-de ony durmuşa geçirmegiň halkara ugurlaryna bagyşlanan brifing geçirildi. Duşuşyga daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň, milli hem-de daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Brifingiň dowamynda bellenilişi ýaly, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de özygtyýarlylygynyň pugtalandyrylmagy, onuň halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesiniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunda ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly ösüşiniň üpjün edilmegine, ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, durmuş ulgamynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu wezipeleri çözmek maksady bilen, giň gerimli uzak möhletleýin özgertmeler durmuşa geçirilýär. Täze taryhy eýýamda Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ygtybarly binýadyny üpjün edýän milli kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär. Türkmen halkynyň baý taryhy tejribesine esaslanýan, halkara hukugyň esas goýujy ýörelgelerini we kadalaryny, döwlet gurluşynyň iň gowy tejribesini özünde jemleýän döwlet hem-de jemgyýetçilik ulgamy ösdürilýär.

Saýlawlar — halkara synçylaryň gözi bilen

Golaýda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilen saýlawlarynda türkmenistanlylar iň mynasyp dalaşgärlere ses berdiler. Demokratik ýörelgelere esaslanýan bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka dünýä jemgyýetçiliginiň hem üns merkezinde boldy. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar hem-de adam hukuklary boýunça býurosynyň wekilleridir bilermenleri ýurdumyza gelip, saýlawlaryň geçişine ýakyndan syn etdiler. Biz saýlawlara synçy hökmünde gatnaşan daşary ýurtly myhmanlaryň käbiri bilen söhbetdeş bolup, olaryň pikir-garaýyşlary bilen gyzyklandyk.

Arkadag şäherine gyzyklanma barha artýar

Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy berlen Arkadag şäherine bagyşlanyp, şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde brifing geçirildi. Oňa ýurdumyzda hereket edýän daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, milli hem-de Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, golaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tassyklamagy bilen «Arkadag şäheri hakynda» täze Kanun kabul edilip, oňa laýyklykda, Köpetdagyň eteginde kemala gelýän bu şähere döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesi berildi. Bu Kanun Arkadag şäheriniň hukuk ýagdaýyny, onuň wezipelerini amala aşyrmak bilen baglylykda, döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň hukuk, guramaçylyk we beýleki esaslaryny kesgitleýär. Ýurdumyzyň tejribesinde ilkinji «akylly» şäher bolup taryha girjek Arkadag şäheri Garaşsyz Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini, ýeten sepgitlerini açyp görkezýän dolandyryş-çäk birligi hökmünde uly ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, brifingde türkmen tarapynyň wekilleri bu şäherde alnyp barylýan gurluşyk işleridir onuň aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Hususan-da, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow kabul edilen Kanunyň käbir maddalaryna ünsi

ÝUNESKO kluby açyldy

Bäş müňýyllyk baý taryhly milletimiziň medeni gymmatlyklary bu gün ýekänme-ýekän tutuş dünýä medeniýetiniň hazynasyna öwrülip, adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulýar. Bu babatda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolmagy türkmen medeniýetiniň dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynda ornuny tapmagyna uly ýardam edýär. Bu hyzmatdaşlyga ýokary baha berýän hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, halkara guramalary bilen gatnaşygy has-da berkitmek boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedrasyny açmak baradaky teklibiň goldanylmagy, bu ugurda oňyn işleriň alnyp barylmagy bizi diýseň begendirdi. Şolaryň hatarynda biziň Türkmen oba hojalyk institutymyzda hem tassyklanan meýilnamalar esasynda guramaçylyk işleri yzygiderli geçirildi. Netijede, institutda ýaňy-ýakynda ÝUNESKO-nyň «Daşky gurşawy goramak – durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy» atly klubuň dabaraly açylmagy munuň aýdyň subutnamasy boldy. Açylyş dabarasyna gatnaşan hormatly myhmanlar milli gymmatlyklarymyz hem-de ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna 2022-nji ýylda girizilen «Türkmen keşdeçilik sungaty», 2021-nji ýylda girizilen «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we dessançylyk sungaty» bilen baglanyşykly guralan sergä aýlanyp gördüler. Dabara gatnaşyjylar Türkmen

Halkara synçylar saýlawlaryň netijeleri boýunça brifingleri geçirdiler

AŞGABAT, 27-nji mart (TDH). Şu gün Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Türki Döwletleriň Guramasynyň synçylar toparlarynyň geçiren brifinglerinde Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşine we geçirilişine syn etmegiň netijeleri yglan edildi. Çärä ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň agzalary gatnaşdylar. Synçylar toparlarynyň ýolbaşçylary çykyşlarynda ýurdumyzyň ýolbaşçylaryna we merkezi saýlaw toparyna döwletimiziň durmuşyndaky möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyklaryny bildirip, Türkmenistanda saýlawlaryň üstünlikli we ýokary guramaçylyk derejesinde, giň bäsdeşlik esasynda, açyklyk, aýanlyk ýagdaýynda, saýlawçylaryň işjeň gatnaşmagynda geçendigini kanagatlanma bilen bellediler.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň synçylar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Grigoriý Logwinowyň ýolbaşçylygyndaky ŞHG-niň halkara synçylar toparynyň saparynyň çäklerinde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň wekilleri bilen duşuşyk boldy. 26-njy martda geçirilen Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary esasy ara alnyp maslahatlaşylan mesele boldy. Duşuşygyň dowamynda köpýyllyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. Tejribe alyşmak hem-de saýlawlary guramagyň hukuk kadalaryny we halkara tejribäni öwrenmek bu hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Şu gezekki jemgyýetçilik-syýasy çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigine aýratyn üns çekildi. Nygtalyşy ýaly, saýlawlaryň ähli tapgyrlary ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, giň bäsdeşlik esasynda we bu ugurda umumy ykrar edilen dünýä ölçeglerini nazara almak bilen geçirildi.

Halkara synçylar saýlawlaryň netijeleri boýunça brifingleri geçirdiler

Aşgabat, 27-nji mart (TDH). Şu gün Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Türki Döwletleriň Guramasynyň synçylar toparlarynyň geçiren brifinglerinde Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşine we geçirilişine syn etmegiň netijeleri yglan edildi. Çärä ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň agzalary gatnaşdylar. Synçylar toparlarynyň ýolbaşçylary çykyşlarynda ýurdumyzyň ýolbaşçylaryna we merkezi saýlaw toparyna döwletimiziň durmuşyndaky möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyklaryny bildirip, Türkmenistanda saýlawlaryň üstünlikli we ýokary guramaçylyk derejesinde, giň bäsdeşlik esasynda, açyklyk, aýanlyk ýagdaýynda, saýlawçylaryň işjeň gatnaşmagynda geçendigini kanagatlanma bilen bellediler.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň synçylar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Grigoriý Logwinowyň ýolbaşçylygyndaky ŞHG-niň halkara synçylar toparynyň saparynyň çäklerinde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň wekilleri bilen duşuşyk boldy. 26-njy martda geçirilen Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary esasy ara alnyp maslahatlaşylan mesele boldy. Duşuşygyň dowamynda köpýyllyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. Tejribe alyşmak hem-de saýlawlary guramagyň hukuk kadalaryny we halkara tejribäni öwrenmek bu hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Şu gezekki jemgyýetçilik-syýasy çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigine aýratyn üns çekildi. Nygtalyşy ýaly, saýlawlaryň ähli tapgyrlary ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, giň bäsdeşlik esasynda we bu ugurda umumy ykrar edilen dünýä ölçeglerini nazara almak bilen geçirildi.

Halkara synçylar saýlawlaryň netijeleri boýunça brifingleri geçirdiler

Aşgabat, 27-nji mart (TDH). Şu gün Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Türki Döwletleriň Guramasynyň synçylar toparlarynyň geçiren brifinglerinde Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşine we geçirilişine syn etmegiň netijeleri yglan edildi. Çärä ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň agzalary gatnaşdylar. Synçylar toparlarynyň ýolbaşçylary çykyşlarynda ýurdumyzyň ýolbaşçylaryna we merkezi saýlaw toparyna döwletimiziň durmuşyndaky möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyklaryny bildirip, Türkmenistanda saýlawlaryň üstünlikli we ýokary guramaçylyk derejesinde, giň bäsdeşlik esasynda, açyklyk, aýanlyk ýagdaýynda, saýlawçylaryň işjeň gatnaşmagynda geçendigini kanagatlanma bilen bellediler.

«Türkmenistandaky saýlawlar bäsleşikli esasda we ýokary guramaçylykda geçirildi»

diýip, GDA-nyň synçylar toparynyň ýolbaşçysy nygtaýar Düýn paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna syn etmäge gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Türki Döwletleriň Guramasynyň wekilçilikli synçylar toparlaryndan düzülen halkara synçylaryň jemleýji brifinglerinde bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň taýýarlyk işlerine we geçişine guralan gözegçiligiň deslapky netijeleri beýan edildi. Daşary ýurtly wekilleriň saýlawlaryň demokratik esaslarda, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilip, raýatlaryň öz isleglerini erkin beýan edip bilmegi üçin zerur şertleriň doly göz öňünde tutulandygyny biragyzdan nygtamaklary ýurdumyzda hakyky halk häkimiýetliliginiň hem-de demokratik ýörelgeleriň dabaralanýandygynyň nobatdaky güwäsi boldy.

Hyzmatdaşlygy ösdürmegiň giň mümkinçilikleri

24-nji martda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynda GDA-nyň synçylar toparyna ýolbaşçylyk eden Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz hem-de GDA-nyň Baş sekretary Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de däp bolan dostlukly döwletara hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Şunda ýurdumyzyň GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde onuň geçirýän çärelerine işjeň gatnaşýandygy, häzirki zaman sebit hem-de ählumumy meselelerinde Arkalaşygyň ornunyň pugtalandyrylmagyna özüniň saldamly goşandyny goşýandygy nygtaldy. GDA-nyň giňişligindäki özara gatnaşyklar meselelerinde Türkmenistan işjeň orny eýeleýär.

Türkmenistan durnukly energetikany goldamak meselesinde halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

Ýurdumyzy 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny amala aşyrmak Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynda möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Ol dünýäde we sebitde geosyýasy we ykdysady ýagdaýy nazara almak bilen, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmäge toplumlaýyn çemeleşmäni göz öňünde tutýar. Durnukly energetikany goldamak 2052-nji ýyla çenli ykdysady ösüşiň möhüm ugry bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan energetika serişdeleriniň ägirt uly möçberdäki gorlaryna eýe bolup, olary milli derejede, şeýle hem dünýä halklarynyň bähbidine netijeli ulanýar.

Türkmenistanyň Prezidenti “Rossiýskiýe železnyýe dorogi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

27-nji martda Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Rossiýskiýe železnyýe dorogi” APJ-niň Baş direktory — müdiriýetiniň başlygy Oleg Belozýorowy kabul etdi. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy hem-de türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Russiýanyň kompaniýalarynyň, hususan-da, özüniň ýolbaşçylyk edýän iri ulag kompaniýasynyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

3-4 мая в Ашхабаде пройдет вторая международная конференция ITTC – 2023

В Ашхабаде 3-4 мая состоится Вторая Международная конференция «Международные транспортно-транзитные коридоры: взаимосвязь и развитие» (International Transport and Transit Corridors: Interconnection and Development), а также в её рамках Международная специализированная выставка «Транспорт и логистика». Основные темы форума будут посвящены перспективам наращивания торговли через логистику, цифровизации в торговле и логистике, современным тенденциям в почтовых отправлениях, роли государственно-частного партнёрства в развитии связанности транспортно-логистической инфраструктуры и другим вопросам.

Türkmen-katar ykdysady gatnaşyklarynyň täze tapgyry

Arap ýa­ry­ma­da­sy­nyň gün­do­ga­ryn­da ýer­leş­ýän Ka­tar Ýa­kyn Gün­do­gar se­bi­ti­niň yk­dy­sa­dy taý­dan iň ösen döw­let­le­ri­niň bi­ri­dir. Dün­ýä de­re­je­sin­de ala­nyň­da, ila­ty­nyň jan ba­şy­na düş­ýän gir­de­ji­si bo­ýun­ça bu ýurt iň öň­dä­ki orun­la­ryň bi­rin­i eýeleýär. Soň­ky on­ýyl­lyk­lar­da te­bi­gy baý­lyk­lar­dan has ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­gy, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak­da­ky aý­gyt­ly ädim­ler Ka­ta­ryň ösüş dep­gin­le­ri­ni ha­s-da güýç­len­dir­di. Ka­ta­ryň de­mir­ga­zyk bö­le­gin­de dün­ýä­de iň uly ne­bit-gaz go­ru­ny özün­de sak­la­ýan ýa­tak bar. Ol dün­ýä­niň su­but edi­len te­bi­gy gaz gor­la­ry­nyň 15 gö­te­ri­mi­ni sak­la­ýan «De­mir­ga­zyk» kä­ni­dir. Bu kän­de Ýer ýü­zi bo­ýun­ça ala­nyň­da, su­wuk­lan­dy­ry­lan te­bi­gy gaz ön­dür­mek­de ker­wen­ba­şy ha­sap­lan­ýan «Ras­Gas» we «Qatar­Gas» mil­li kom­pa­ni­ýa­la­ry iş­le­ýär­ler. Hä­zir­ki dö­wür­de Ka­tar su­wuk­lan­dyr­ylan ga­zyň eks­por­ty bo­ýun­ça dün­ýä li­de­ri bo­lup dur­ýar. Mun­dan baş­ga-da, ilat ba­lyk­çy­lyk we dür çy­kar­mak bi­len meş­gul­lan­ýar. Ýurt­da de­ňiz su­wun­dan aras­sa suw ön­dür­mek hem se­na­gat de­re­je­si­ne ýe­ten ugur­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Soň­ky on­ýyl­lyk­da Ka­tar ys­lam dün­ýä­si­niň ma­li­ýe li­der­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­di.

Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň ter­mi­nal­la­ry ynanç­ly do­lan­dy­ry­şa ber­ler

Ge­çen hep­de «Türk­men­de­ňiz­der­ýa­ýol­la­ry» agent­li­gi­niň we­kil­le­ri bi­len «KPMG Tax and Adviso­ry LLC» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň we­kil­le­ri wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly du­şuş­dy­lar. Onuň do­wa­myn­da kom­pa­ni­ýa­nyň we­kil­le­ri alyp bar­ýan iş­le­ri­niň esa­sy ugur­la­ry we hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki tej­ri­be­le­ri bi­len ta­nyş­dyr­dy­lar. Şeý­le-de, Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň hyz­mat­la­ry­ny we müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mek bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­mak­lyk, de­ňiz por­tu­nyň ter­mi­nal­la­ry­ny ynanç­ly do­lan­dy­ry­şa ber­mek bo­ýun­ça me­se­le­le­re se­re­dil­di. «KPMG» — au­dit, sal­gyt we mas­la­hat hyz­mat­la­ry­ny ber­ýän hal­ka­ra kom­pa­ni­ýa­lar ul­ga­my bo­lup, dün­ýä­niň 147 ýur­dun­da bö­lüm­çe­le­ri he­re­ket ed­ýär. 219 müň sa­ny iş­gä­ri özün­de jem­le­ýän kom­pa­ni­ýa­nyň esa­sy we­zi­pe­si dün­ýä ba­za­ryn­da­ky ýag­daý­la­ry sel­jer­mek­den, stra­te­gi­ýa we te­le­ke­çi­lik çe­me­leş­me­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak­dan yba­rat­dyr.

Azer­baý­ja­nyň ne­bit-gaz top­lu­my­nyň eks­port gör­ke­zi­ji­le­ri­ mä­lim edildi

Azer­baý­ja­nyň Döw­let güm­rük gul­lu­gy 2023-nji ýy­lyň ýan­war-few­ral aý­la­ryn­da ýur­duň ne­bit-gaz top­lu­my­nyň eks­port gör­ke­zi­ji­le­ri­ni mä­lim et­di. Ber­len mag­lu­mat­lar­da ýur­duň ne­bit eks­por­ty­nyň ar­tan­dy­gy­ny, gaz im­por­ty­nyň bol­sa ke­me­len­di­gi­ni gör­mek bol­ýar. Has any­gy, şu ýy­lyň iki aýy­nyň do­wa­myn­da Azer­baý­jan çig ne­bit önüm­le­ri­niň 157 müň ton­na­sy­ny da­şa­ry ýurt­la­ra eks­port et­di. Eks­por­tyň pul möç­be­ri bol­sa 97 mi­lli­on ame­ri­kan dol­la­ry­na deň bol­dy. De­ňeş­dir­mek üçin, 2022-nji ýy­lyň de­giş­li döw­rün­de Azer­baý­jan umu­my ba­ha­sy 62,5 mil­li­on ame­ri­kan dol­la­ry­na deň bo­lan 117 müň ton­na çig ne­bit önüm­le­ri­ni eks­port edip­di. 2023-nji ýy­lyň iki aýyn­da Azer­baý­jan da­şa­ry ýurt­la­ra umu­my ba­ha­sy 502 mil­li­on ame­ri­kan dol­la­ry­na deň bo­lan 1 mil­liard 213,8 mil­li­on kub metr te­bi­gy ga­zy eks­port et­di. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, geçen ýylyň degişli döwründe bu gör­ke­zi­ji 3 mil­liard 963,6 mil­li­on kub met­re ýa-da 2 mil­liard 486,1 mil­li­on ame­ri­kan dol­la­ry­na deň bo­lup­dy.

Hyzmatdaşlykda täze sahypa

Eziz Diýarymyzyň gün-günden özgerýän, rowaçlanýan döwründe döwlet Baştutanymyzyň: «Meniň baş maksadym Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň esaslaryny has-da berkidip, ýurdumyzy beýik geljegimize tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr» diýen sözlerinden ugur alnyp, hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege sarpa goýmaga, dünýä döwletleri, iri halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan Bitaraplyk syýasaty pugta dowam etdirilip, ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna dost-doganlyk ýollary barha uzaýar. Şu ýylyň ilkinji aýlarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran resmi sapary, hormatly Prezidentimiziň Bahreýn Patyşalygyna hem-de Katar Döwletine saparlary Türkmenistan bilen Ýakyn Gündogar döwletleriniň arasynda deňhukuklylyk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanyp ýola goýlan dostlukly gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge meýilleriň has-da güýçlenýändigine şaýatlyk edýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň 19-20-nji martda Katar Döwletine amala aşyran döwlet sapary hem buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.