Halkara synçylar saýlawlaryň netijeleri boýunça brifingleri geçirdiler

28 Mart 2023
432

Aşgabat, 27-nji mart (TDH). Şu gün Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Türki Döwletleriň Guramasynyň synçylar toparlarynyň geçiren brifinglerinde Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşine we geçirilişine syn etmegiň netijeleri yglan edildi. Çärä ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň agzalary gatnaşdylar.

Synçylar toparlarynyň ýolbaşçylary çykyşlarynda ýurdumyzyň ýolbaşçylaryna we merkezi saýlaw toparyna döwletimiziň durmuşyndaky möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyklaryny bildirip, Türkmenistanda saýlawlaryň üstünlikli we ýokary guramaçylyk derejesinde, giň bäsdeşlik esasynda, açyklyk, aýanlyk ýagdaýynda, saýlawçylaryň işjeň gatnaşmagynda geçendigini kanagatlanma bilen bellediler.

Beýleki habarlar