Türkmen-katar ykdysady gatnaşyklarynyň täze tapgyry

26 Mart 2023
424

Arap ýa­ry­ma­da­sy­nyň gün­do­ga­ryn­da ýer­leş­ýän Ka­tar Ýa­kyn Gün­do­gar se­bi­ti­niň yk­dy­sa­dy taý­dan iň ösen döw­let­le­ri­niň bi­ri­dir. Dün­ýä de­re­je­sin­de ala­nyň­da, ila­ty­nyň jan ba­şy­na düş­ýän gir­de­ji­si bo­ýun­ça bu ýurt iň öň­dä­ki orun­la­ryň bi­rin­i eýeleýär. Soň­ky on­ýyl­lyk­lar­da te­bi­gy baý­lyk­lar­dan has ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­gy, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak­da­ky aý­gyt­ly ädim­ler Ka­ta­ryň ösüş dep­gin­le­ri­ni ha­s-da güýç­len­dir­di.

Ka­ta­ryň de­mir­ga­zyk bö­le­gin­de dün­ýä­de iň uly ne­bit-gaz go­ru­ny özün­de sak­la­ýan ýa­tak bar. Ol dün­ýä­niň su­but edi­len te­bi­gy gaz gor­la­ry­nyň 15 gö­te­ri­mi­ni sak­la­ýan «De­mir­ga­zyk» kä­ni­dir. Bu kän­de Ýer ýü­zi bo­ýun­ça ala­nyň­da, su­wuk­lan­dy­ry­lan te­bi­gy gaz ön­dür­mek­de ker­wen­ba­şy ha­sap­lan­ýan «Ras­Gas» we «Qatar­Gas» mil­li kom­pa­ni­ýa­la­ry iş­le­ýär­ler. Hä­zir­ki dö­wür­de Ka­tar su­wuk­lan­dyr­ylan ga­zyň eks­por­ty bo­ýun­ça dün­ýä li­de­ri bo­lup dur­ýar. Mun­dan baş­ga-da, ilat ba­lyk­çy­lyk we dür çy­kar­mak bi­len meş­gul­lan­ýar. Ýurt­da de­ňiz su­wun­dan aras­sa suw ön­dür­mek hem se­na­gat de­re­je­si­ne ýe­ten ugur­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Soň­ky on­ýyl­lyk­da Ka­tar ys­lam dün­ýä­si­niň ma­li­ýe li­der­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­di.

Oraz­my­rat SÄ­HET­MY­RA­DOW,
TDIM-niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň hal­ka­ra yk­dy­sa­dy­ýe­ti fa­kul­te­ti­niň 1-nji ýyl ta­ly­by.
Beýleki habarlar