Azer­baý­ja­nyň ne­bit-gaz top­lu­my­nyň eks­port gör­ke­zi­ji­le­ri­ mä­lim edildi

26 Mart 2023
299

Azer­baý­ja­nyň Döw­let güm­rük gul­lu­gy 2023-nji ýy­lyň ýan­war-few­ral aý­la­ryn­da ýur­duň ne­bit-gaz top­lu­my­nyň eks­port gör­ke­zi­ji­le­ri­ni mä­lim et­di. Ber­len mag­lu­mat­lar­da ýur­duň ne­bit eks­por­ty­nyň ar­tan­dy­gy­ny, gaz im­por­ty­nyň bol­sa ke­me­len­di­gi­ni gör­mek bol­ýar. Has any­gy, şu ýy­lyň iki aýy­nyň do­wa­myn­da Azer­baý­jan çig ne­bit önüm­le­ri­niň 157 müň ton­na­sy­ny da­şa­ry ýurt­la­ra eks­port et­di. Eks­por­tyň pul möç­be­ri bol­sa 97 mi­lli­on ame­ri­kan dol­la­ry­na deň bol­dy. De­ňeş­dir­mek üçin, 2022-nji ýy­lyň de­giş­li döw­rün­de Azer­baý­jan umu­my ba­ha­sy 62,5 mil­li­on ame­ri­kan dol­la­ry­na deň bo­lan 117 müň ton­na çig ne­bit önüm­le­ri­ni eks­port edip­di.

2023-nji ýy­lyň iki aýyn­da Azer­baý­jan da­şa­ry ýurt­la­ra umu­my ba­ha­sy 502 mil­li­on ame­ri­kan dol­la­ry­na deň bo­lan 1 mil­liard 213,8 mil­li­on kub metr te­bi­gy ga­zy eks­port et­di. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, geçen ýylyň degişli döwründe bu gör­ke­zi­ji 3 mil­liard 963,6 mil­li­on kub met­re ýa-da 2 mil­liard 486,1 mil­li­on ame­ri­kan dol­la­ry­na deň bo­lup­dy.

Döwran Rozygulyýew,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 3-nji ýyl talyby.
Beýleki habarlar