Golaýda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilen saýlawlarynda türkmenistanlylar iň mynasyp dalaşgärlere ses berdiler. Demokratik ýörelgelere esaslanýan bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka dünýä jemgyýetçiliginiň hem üns merkezinde boldy. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar hem-de adam hukuklary boýunça býurosynyň wekilleridir bilermenleri ýurdumyza gelip, saýlawlaryň geçişine ýakyndan syn etdiler.
Biz saýlawlara synçy hökmünde gatnaşan daşary ýurtly myhmanlaryň käbiri bilen söhbetdeş bolup, olaryň pikir-garaýyşlary bilen gyzyklandyk.