Hyzmatdaşlykda täze sahypa

25 Mart 2023
392

Eziz Diýarymyzyň gün-günden özgerýän, rowaçlanýan döwründe döwlet Baştutanymyzyň: «Meniň baş maksadym Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň esaslaryny has-da berkidip, ýurdumyzy beýik geljegimize tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr» diýen sözlerinden ugur alnyp, hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege sarpa goýmaga, dünýä döwletleri, iri halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan Bitaraplyk syýasaty pugta dowam etdirilip, ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna dost-doganlyk ýollary barha uzaýar.

Şu ýylyň ilkinji aýlarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran resmi sapary, hormatly Prezidentimiziň Bahreýn Patyşalygyna hem-de Katar Döwletine saparlary Türkmenistan bilen Ýakyn Gündogar döwletleriniň arasynda deňhukuklylyk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanyp ýola goýlan dostlukly gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge meýilleriň has-da güýçlenýändigine şaýatlyk edýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň 19-20-nji martda Katar Döwletine amala aşyran döwlet sapary hem buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.

Gurbangül ATAÝEWA,
Türkmenistanyň bilim ministri.
Beýleki habarlar