Hyzmatdaşlygy ösdürmegiň giň mümkinçilikleri

27 Mart 2023
442

24-nji martda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynda GDA-nyň synçylar toparyna ýolbaşçylyk eden Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz hem-de GDA-nyň Baş sekretary Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de däp bolan dostlukly döwletara hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Şunda ýurdumyzyň GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde onuň geçirýän çärelerine işjeň gatnaşýandygy, häzirki zaman sebit hem-de ählumumy meselelerinde Arkalaşygyň ornunyň pugtalandyrylmagyna özüniň saldamly goşandyny goşýandygy nygtaldy. GDA-nyň giňişligindäki özara gatnaşyklar meselelerinde Türkmenistan işjeň orny eýeleýär.

"Nesil".
Beýleki habarlar