"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

At — türkmeniň ganaty

22-nji martda, sport we döredijilik işleri bilen meşgullanmak ýaly asylly endikleri bilen ildeşlerimize görelde bolýan milli Liderimize ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň ilkinji at taýynyň dünýä inendigi barada buşlanyldy. Bu hoş habar Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen yglan edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli ýurdumyzda we dünýäde geçirilýän halkara derejeli çäreler bilen sazlaşykly utgaşdy. Çünki taryhyň ähli döwürlerinde türkmen bedewleri ösüşleri we täzeçillikleri Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen dünýäniň çar künjüne ýetiripdirler. Hut şonuň üçin hem dünýäde parahatçylygyň, düşünişmegiň, gepleşikleri geçirmegiň medeniýetini we öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmekde milli Liderimiziň alyp barýan işlerinde ahalteke bedewlerimiz simwoliki mana eýedir. Alym Arkadagymyz milli atşynaslyk ulgamynda täze doglan at taýyna at dakylanda, onuň atasynyň ady bilen utgaşdyrmak däbine eýerip, Akhanyň adynyň birinji harpyna laýyklykda we ak mermerli paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň hormatyna Aşgabat diýip at goýdy.

Sahypalara siňen zehinler

Baýram Welmyradow «Edebiýat we sungat» ýyllaryň dowamynda edebiýaty, sungaty söýüjileriň ençeme nesli üçin özboluşly mekdep bolup geldi. Bu gazetiň redaksiýasynda dürli döwürlerde sütün-sütün halypa ýazyjylar, ussat žurnalistler işlediler. Her haýsy bir dünýä bolan ol halypalary ýagşylykda ýatlap durmak maksady bilen gazetimizde “E-S-e” ykbalyny baglanlar” atly rubrikany açmagy makul bildik.

«Oguz kowumy jemlendi bir il bolup...»

«Türkmenler ähli eýýamlarda ýeňişli ýollaryň sakasynda, medeni we aňyýet ösüşleriniň merkezinde, yklymlary birleşdiriji güýçleriň — umumynsan ähmiýetli başlangyçlaryň başynda durýar».Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyndan. Ykbal ýyldyzy türkmene gurmagy, döretmegi, barha gülledip ösdürmegi, halklaryň arasynda agzybirligi jebisleşdirmegi, parahatçylygy gorap saklamagy, ynsan mertebesini hemme barlykdan zyýat tutmagy ruhy ýörelge edinmegi owalbaşda bagyş etdi.

Görenlerden eşidenlerim

«Baýramyň kakasy bar...» Meşhur ýazyjymyz Berdi Kerbabaýew diýseň myhmansöýer adam eken. Onuň öýüniň myhmansyz wagty bolmandyr. Diňe bir garyndaşlary, kärdeşleri däl, eýsem, daşary ýurtlardan gelen alymlar, ýazyjy-şahyrlar, medeniýet işgärleri hökman Kerbabaýewiňkä myhmançylyga barar ekenler.

Gadymy galalara syýahat

Gyzlargala — Arçabil jülgesinde, gaýanyň gerşinde ýerleşýär. Gala diwarlary gerşiň depesini tutuşlygyna gurşap alýar. Ol toýun palçyk garylyp, dag daşlaryndan galdyrylypdyr we nädogry armyt şekilli gurluşy bar. Diwarlaryň saklanyp galan beýikligi 2 metrden geçmeýär. Esasy bölegi ondan hem pes. Galanyň içki meýdanynda hiç hili gurluşygyň yzlary görünmeýär. Ol ýerde ujypsyz möçberde küýze döwükleri duşýar. Tapylan arheologiýa tapyndylaryna esaslanylyp, gala XVI — XVIII asyrlar bilen senelenýär. Diňgala — Ak bugdaý etrabynyň çäklerinde ýerleşýär. Onuň 7 gektara golaý meýdany tutýan gönüburçlugynyň daşyna düýbi inli, ýokarsy inçelip gidýän, pagsadan gurlan diwar aýlanypdyr. Burçlarynyň birinde goranyş berkitmesi — diňi ýerleşipdir. Galanyň içki giňişliginde gurluşyk işleri geçirilmändir, görnüşine görä, ol ýerde hiç hili desga gurulmandyr. Gala XVIII — XIX asyrlar bilen senelenýär.

Milli terbiýäniň asylly ýörelgesi

Gadymy Gündogarda şeýle pähim bar: «Bir ýylyň aladasyny etseňiz, ekin ekip, hasyl alyň! On ýylyň aladasyny etseňiz, daragt ýetişdiriň! Ýüz, müň ýylyň aladasyny etseňiz, sowatly, halal nesli ýetişdiriň!». Türkmen halky hem paýhasly pederlerimizden dowam edip gelýän halallyk, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýörelgelerini gözüniň göreji deýin aýap saklaýan halkdyr. Gahryman Arkadagymyz bu barada: «Ata-babalarymyz ak ýürekli we halal zähmet çekip, halal ýaşamak barada bize köp sanly öwüt-ündewleri, nakyllary, pähimleri miras goýupdyrlar. Biz hem, öz nobatymyzda, halallygyň, zähmetsöýerligiň nusgasy bolan pederlerimiziň mynasyp nesilleri bolmalydyrys» diýip belleýär. Şeýle watansöýüji we milli mirasymyza sarpaly nesilleri terbiýelemekde zähmet terbiýesiniň orny örän möhümdir. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan zähmetsöýer halkymyzyň özüne mahsus däp-dessurlary bar. Şolaryň esasynda dünýä inen çaga edep-terbiýe bermek, ony ene-atasyna, dogan-garyndaşyna, il-gününe hormat goýýan, zähmetsöýer, jemgyýete peýdaly şahsyýet edip terbiýelemek iň bir möhüm mesele hasaplanypdyr. Munuň üçin çagalara, ilkinji nobatda, onuň maşgalasy görelde mekdebi bolupdyr. Ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz çaga terbiýesinde olary başarnyklaryna görä zähmete çekmegiň çaganyň terbiýesine edýän oňyn täsiri, ýaşlykdan zähmet çekmegi öwrenen çaganyň ulalanda halal, ilhalar ynsan bolup ýetişýändigi bara

Adyna mynasyp Aşgabat

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ajaýyp bedewlerimize uly söýgi bilen garaýşy, olara dynç alýan wagtynyň pursatlaryny bagyşlap, öz edebi eserlerinde beýan edişi hemmämize mälimdir, munuň özi ahalteke bedewlerimiziň şöhratyny has-da belende galdyrýar. Meşhur ata-babalarynyň şöhratly ýoluny dowam etjek Aşgabat atly taýyň dünýä inmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy «Ak şäherim Aşgabat» atly goşgyny ýazmaga ruhlandyrdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine

KETENIDEN TAHÝA TIKDIM... Halkymyzyň baý hem gadymy milli mirasy we köp öwüşginli medeniýeti bar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň berkarar eden bagtyýarlyk döwründe taraşlanyp, gymmatyny has-da artdyrýan baý mirasymyzyň ähmiýeti has-da artýar.

Türkmeniň ak öýi

Ak öýler dört, alty ýa-da sekiz ganat bolýar. Öý tutulanda ýagyş-ýagmyryň suwy öýüň içine girmez ýaly ilki bilen toprak üýşürilip, seki galdyrylýar. Soňra öý tutjak ýeriňi peýläp, ýere gazyk kakylýar. Öýüň gazygy pil sapyndan hem ýogynrak agaçdan bolup, ony öý tutjak ýeriňe kakanyňdan soň, tärimleri biri-birine daňmaly. Gazygy öýüň çep tarapky täriminden 1 metr çemesi içräk edip kakmaly. Soňlugy bilen şol gazyga sallançagyň bagy daňylýar. Gurnalan öýüň berk bolmagy üçin bosaga goýuljak ýerden 50-60 santimetr çukur gazyp, bekit agajyny dikmeli-de, tärimleri şol bekit agajyna daňmaly. Eger-de ak öý başga ýere göçürilmejek bolsa, tärimleriň her gat söýesine bag agaç dikilýär. Baglamak, berkitmek manysyndaky bag agaç hem bekit agajy ýaly, ýere berkidilýär. Tärim — öýüň ganaty, olary biri-birine daňyp berkideniňden soň, tüýnügi ýerine goýmaly. Tüýnügi dogumly, işbaşarjaň ýigitler ýokary galdyrypdyrlar. Öýüň tüýnügi tegelek görnüşde bolup, dört bölege — çagaryga bölünýär. Uguň inçeldilen tarapyna uguň balasy, tüýnügiň gözlerine bolsa, bäbenek diýilýär, uklaryň balasyny bäbenege dakanyňdan soň, uguň aşaky tarapyny tärime ukbagy bilen daňmaly, uguň tärime daňylan ýerine bolsa «herek» diýilýär.

Gadymy senediň ezberi

Türkmen halkynyň el hünäriniň gudraty bilen dürli hilli milli saz gurallary ýasalypdyr. Şolaryň arasynda türkmen dutary has meşhurlyga eýedir. Ata-babalarymyz gara gazma dutary özlerine hemişelik hemra edinip gelipdir. Ony gözüniň göreji ýaly aýawly saklap, mukaddes ojagynyň bezegi hasap edýärler. Ýaşaýyş durmuşymyzda şeýle bir aýtgy bar: «Dutar öýde saklansa, ol mydama agzybirlik, toý-tomaşa, ýagşylyk dileg edip durýar». Käbir obalarda dutar-gyjak ýasaýan eli hünärli ussalara häli-şindi gabat gelmek bolýar. Şeýle eli çeper dutar ussalarynyň birine Tagangeldi Jumaýew diýýärler. Ol Gubadag etrabynyň Gökçäge geňeşliginiň Duzly köl obasynda ýaşaýar. Tagangeldi ilki obasyndaky orta mekdebi tamamlap, mehanizatorçylyk kärinde zähmet çekipdir. Ol: — Obada ýaşap, kärim mehanizator bolany üçin wagtymyň esli bölegi meýdanlarda geçýärdi. Işden haçan gelsem-de, kakam kölegede eline iş gurallaryny alyp, mydama dutar ýasardy. Kakamyň dutar ýasamakdaky hereketlerine men bilesigelijilik bilen syn edip oturardym. Onsoň kakam bir gezek meniň özüne syn edip oturanymy görüp:

Geçmişiň ajaýyp nusgalary

Halkyň arasynda milli mirasymyzyň gadymy nusgalaryny tapmak we toplamak bilen birlikde ýaşlara şöhratly geçmişimiziň, maddy we ruhy baýlyklarymyzyň ähmiýetini öwretmekde asylly işleri alyp barýan Dänew etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy Durhan Öräýewa barada öňem köp eşidipdim. Ol indi 44 ýyla golaý wagtdan bäri ýaşlara şöhratly taryhymyzy öwretmek bilen birlikde halkyň arasyndan iş we zähmet gurallarynyň, gap-çanaklaryň, dürli esbaplaryň, şaý-sepleriň has irki, gadymy nusgalaryny toplamakda zähmetini gaýgyrmaýar. Onuň işjanlylygy bilen häzirki wagtda mekdebiň taryhy mirashanasyndaky tapyndylaryň sany yzygiderli artýar. Bu barada halypa mugallym şeýle gürrüň berýär: ― Mekdebimizdäki taryhy mirashananyň döredilmeginde taryh mugallymlary Wenera Jumaýewa, Öre Kurbanow, Narkuly Allakulyýew, Narsoltan Jorakulyýewa dagynyň tagallalary uly. Olar etrabymyzyň Göýnük obasynyň taryhyny has içgin öwrenmek we ony ýaşlaryň arasynda giňden ýaýmak maksady bilen 1979-njy ýylda bu asylly işiň başyny başladylar. Obanyň ýaşaýjylary hem bu işe agzybirlik bilen goşuldylar. Şeýlelikde mekdep muzeýine halkymyzyň gadymy taryhynyň beýany bolan dürli esbaplaryň, iş gurallarynyň gadymy nusgalary toplanylyp başlandy. Hormatly Prezidentimiziň her bir obanyň geçmiş ýazuw taryhyny öwrenmek, mekdepleriň ýanynda obanyň taryhy bilen bagly muzeýleri döretmek, oba hakynda we onuň ýaşaýjylary

Ömrüň manysy

Gahryman Arkadagymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde hem-de bütin dünýäde parahatçylygy, abadançylygy gorap saklamakda uly işleri alyp barýar. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda öňe sürýän teklipleri, asylly başlangyçlary halkara jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldaw tapýar. Ýurdumyz bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklar hem barha ýygjamlaşýar. Döwlet Baştutanymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi», «Ile döwlet geler bolsa...», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmen medeniýeti», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaplary milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmegiň ajaýyp mekdebi bolmak bilen, dürli dillere terjime edilip, dünýä ýaýyldy. Milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eseri hem okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylanyldy.

Behişdi bedewler — milli buýsanjymyz

Hormatly Prezidentimiz: «Biziň ata-babalarymyz ýel bilen bäsleşýän ýüwrük atlary ösdürip ýetişdirmäge, olaryň tohumçylygyny gowulandyrmaga uly üns beripdirler. Olar atlara uly hormat goýup, ajaýyp syn-sypatly, täsin gylyk-häsiýetli bedewleri özleriniň ýakyn dosty, wepaly ýoldaşy hasaplapdyrlar» diýip bellemek bilen, behişdi bedewlerimize aýratyn sarpa goýýar, olary halkymyzyň baýlygy, köňül buýsanjy we milli mirasy hasaplap, bedewler bilen ýygy-ýygydan didarlaşmaga wagt tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň dabaralarynyň giň gerim alan günlerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna barmagy we ol ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşmagy hem munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Şol ajaýyp pursatlary «Watan» habarlar gepleşigi arkaly tomaşa edenimizde Gahryman Arkadagymyzyň gözellikde we ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk bedewlerimize goýýan sarpasyna aýdyňlygy bilen göz ýetirdik. Toý-baýramlarymyzyň esasy bezegi we ýaraşygy bolan, ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň ilkinji at taýynyň dünýä inendigi baradaky buşluk habary ählimiziň toý şatlygymyzy goşalandyrdy. Hormatly Prezidentimiziňak mermerli paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň hormatyna bu taýçanaga Aşgabat diýip at goýmagy bolsa, buýsançly başymyzy göge ýetirdi.

Gözelligiň hem kämilligiň nusgasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda atçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady düýpli döwrebaplaşdyrylýar, ykbalyny şu ugra bagyşlan hünärmenleriň iş we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak üçin uly işler amala aşyrylýar. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda ajaýyp atçylyk sport toplumlary guruldy, atşynaslaryň we seýisleriň, şeýle hem ussat çapyksuwarlaryň zähmetine mynasyp baha berlip, «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy», «Türkmenistanyň halk atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» hem-de «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly atlar döredildi. Munuň özi behişdi bedewlerimize we türkmen atşynaslaryna goýulýan hormat-sarpany alamatlandyrýar. Halkymyzyň milli buýsanjyna we guwanjyna öwrülen, dünýä ýüzünde gözelligiň hem kämilligiň nusgasy hasaplanýan ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atşynaslyk we seýisçilik sungatyny, atçylyk sportuny ösdürmekde edilýän işler barha giň gerime eýe bolýar. Şonuň üçin asyrlar aşyp, nesilden nesle geçip gelen, türkmeniň milli mirasynyň gözbaşy bolan arassa ganly ahalteke tohum atlarymyzy sarpalamak biziň her birimiziň perzentlik borjumyzdyr.

«Ýerde Nowruz hormaty...»

Nowruz baýramy gadymy döwürlerden bäri Gündogar halklarynda bellenilip gelnipdir. Bu hakda zoroastrizmiň mukaddes kitaby bolan «Awestada», Abylkasym Firdöwsiniň «Şanama» eserinde, Abu Reýhan Birunynyň «Gadymy halklardan galan ýadygärlikler», Nyzamylmülküň «Syýasatnama» eserinde, Gündogaryň söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Tebigy hadysalaryndan hasap tutan pederlerimiz Nowruzda gar ýa-da ýagyş ýagsa, ýylyň ygally boljakdygyny kesgitläpdirler. Sähra merdanalary bolan çopanlar üçin tebigat müňbir täsinlikleri bilen olaryň aňyna ornaşypdyr. Tebigatda bolup geçýän üýtgeşmeler, howanyň üýtgemegi, zeminde ýaşyl otlaryň gögermegi, guş-gumrularyň hereketiniň artmagy sähra adamlarynda dürli garaýyşlary oýarypdyr.

Hoşniýetliligiň baýramy

Bahar pasly biziň üçin diňe bir tebigatyň jana gelip, ýaşyl dona bürenýän, reňbe-reň gülleriň açylyp, çar tarapa gözellik eçilýän pasly bolman, eýsem ol ýurdumyzda geçirilýän toý-baýramlary alamatlandyrýan pasyldyr. Bu pasylda halkymyzyň arzyly baýramy bolan Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni uly ruhubelentlik bilen garşylanýar. Nowruz iň gadymy döwürden bäri belli bolan täze ýyl baýramydyr. «Awestada» onuň täze ýylyň başynyň ýazky gije-gündiziň deňleşýän wagtyna gabat gelýändigi barada bellenilýär. Milli bahar baýramy bolan Nowruz güni dost-doganlygyň, birek-birek bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygyň, beýik ynsanperwerligiň, parahatçylygyň özboluşly beýanydyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Nowruz parahatçylyk, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, ynsanperwerlik, döredijilik gymmatlyklaryny özünde jemleýän, tebigatyň täzelenişini hem-de bahar paslynyň ajaýyplygyny alamatlandyrýan halkara baýramdyr». Halkymyz Halkara Nowruz gününi goňşy we doganlyk halklar bilen bilelikde belleýär. Munuň özi dostluga we birek-birege hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklary ösdürmekde Halkara Nowruz baýramynyň ähmiýetini hem-de ornuny görkezýär.

Mäne baba — rowaýata öwrülen şahsyýet

Sarahsdan demirgazyk-günbatara gidilende, sebitde o diýen uly bolmasa-da, adybir akyldar şahsyýetiň abraýy hem-de şöhraty bilen beýgelen, XI asyryň belli şäheri Mänä gelýärsiň. Bu şäherde ýaşan akyldar Abu Seýit Abul Haýyr (967 — 1049) — sufizmiň köp asyrlardan soň hem uly hormat bilen ady tutulýan görnükli wekilleriniň biridir. Halkymyzda bu şahsyýet «Mäne baba» ady bilen meşhurdyr. Onuň ýaşan döwründe Mäne şäheri ýeterlik derejede bol oba hojalyk önümleriniň mesgeni bolup, onuň bazarlary, kerwensaraýlary hemişe adamly ekeni. Şäheriň dört burçunda diňleri bolan gönüburçly içki galasy bolupdyr. Häzirki wagtda ol depe bolup dur, il arasynda oňa Göbeklidepe diýilýär. Onuň çäginiň daşynda Mäne babanyň sopulary üçin hanakasy ýerleşipdir. Mäne baba köp gezip, dürli şäherlerde bolup, şol döwrüň görnükli alymlary, filosoflary bilen duşuşypdyr, pikir alşypdyr. Halk hakydasy iki sany ussadyň — Mäne baba bilen Ibn Sinanyň arasyndaky söhbet hakyndaky rowaýaty şu günlere ýetiripdir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda hem getirýän şol rowaýatyna görä, Mäne baba Ibn Sina bilen gepleşip otyrka, käsäni ýokary zyňýar, käse bolsa howada aslyşyp durýar. Ol myhmanyna: «Siz, alymlar, fizikanyň kanunyna salgylanyp: «Tutuş tebigaty boýunça ähli jisimler merkeze ymtylýarlar» diýýärsiňiz. Näme üçin käse özüniň agramynyň bardygyna garamazdan, howada asyly

Kazy, wezir, hökümdar hem şahyr

Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň taryhyny, medeniýetini, edebiýatyny, sungatyny düýpli öwrenmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.Bu babatda uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzdaky taryhy ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işlerini geçirmek bilen birlikde, türkmen halkynyň geçmişinde uly yz galdyran şahsyýetleri öwrenmeklige hem uly ähmiýet berilýär. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan 2020-nji ýylda «Ylham» çeperçilik-seýilgäh toplumynyň açylanyna 10 ýyl boldy. 2010-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Ylham» atly çeperçilik-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy bolupdy. Şonda döwlet Baştutanymyzyň teklibi boýunça täze çeperçilik-seýilgäh toplumy «Ylham» diýlip atlandyrylypdy. Açyk asmanyň astynda ýerleşýän bu muzeýde 40-dan gowrak taryhy we edebi şahsyýetlerimiziň heýkelleri oturdylan. Olaryň biri-de kazy, wezir, hökümdar hem şahyr bolan şahsyýet — Burhaneddin Ahmet Siwaslydyr.

Edermen alabaýymyz

Türkmen sährasynyň görki, guwanjy, Edermen, merdana alabaýymyz.Çopan goşlarynyň gorag-daýanjy,Üşükli, gaýduwsyz alabaýymyz. Arkadagyň eserinden orun alan,Mertebesi asyrlara ýaň salan.Waspyny ýetirsek älem diň salar,Gözellikde taýsyz alabaýymyz.

Şadiwanyň şuglasy

Gahryman Arkadagymyzyň eserleri halkymyzy beýik işlere ruhlandyrýar ...Ady Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizilen Akhan Gurply we Ruhubelent atly bedewleriň nesli. Akhan Gyrsakaryň nesil ugruna degişli bolup, bu ugurda Kerwen, Garader, Gökleň ýaly ýyndamlykda aýlawlary baglan atlaryň bolandygyny aýratyn bellemelidir. Gyrsakar hem Boýnowyň nesil ugrundan gaýdýar. Gyrsakar 1936-njy ýylda doglan, onuň kaddy-kamaty boýunça-da saýlantgy derejededigi ykrar edilendir.