Mäne baba — rowaýata öwrülen şahsyýet

23 Mart 2021
1547

Sarahsdan demirgazyk-günbatara gidilende, sebitde o diýen uly bolmasa-da, adybir akyldar şahsyýetiň abraýy hem-de şöhraty bilen beýgelen, XI asyryň belli şäheri Mänä gelýärsiň. Bu şäherde ýaşan akyldar Abu Seýit Abul Haýyr (967 — 1049) — sufizmiň köp asyrlardan soň hem uly hormat bilen ady tutulýan görnükli wekilleriniň biridir. Halkymyzda bu şahsyýet «Mäne baba» ady bilen meşhurdyr. Onuň ýaşan döwründe Mäne şäheri ýeterlik derejede bol oba hojalyk önümleriniň mesgeni bolup, onuň bazarlary, kerwensaraýlary hemişe adamly ekeni. Şäheriň dört burçunda diňleri bolan gönüburçly içki galasy bolupdyr. Häzirki wagtda ol depe bolup dur, il arasynda oňa Göbeklidepe diýilýär. Onuň çäginiň daşynda Mäne babanyň sopulary üçin hanakasy ýerleşipdir.

Mäne baba köp gezip, dürli şäherlerde bolup, şol döwrüň görnükli alymlary, filosoflary bilen duşuşypdyr, pikir alşypdyr. Halk hakydasy iki sany ussadyň — Mäne baba bilen Ibn Sinanyň arasyndaky söhbet hakyndaky rowaýaty şu günlere ýetiripdir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda hem getirýän şol rowaýatyna görä, Mäne baba Ibn Sina bilen gepleşip otyrka, käsäni ýokary zyňýar, käse bolsa howada aslyşyp durýar. Ol myhmanyna: «Siz, alymlar, fizikanyň kanunyna salgylanyp: «Tutuş tebigaty boýunça ähli jisimler merkeze ymtylýarlar» diýýärsiňiz. Näme üçin käse özüniň agramynyň bardygyna garamazdan, howada asylyp dur, aşak gaçmaýar?» diýýär. Ibn Sina şonda oňa şeýle jogap beripdir: «Siziň ýatlap geçen fiziki kanunyňyz merkeze ymtylmagyna hiç bir zat päsgel bermeýän jisimlere degişli. Käse bolsa siziň erkiňiz bilen ýokarda asylyp dur, şonuň üçinem aşak gaçyp hem bilmez».

Hydyr GELDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar