Gadymy galalara syýahat

25 Mart 2021
1143

Gyzlargala — Arçabil jülgesinde, gaýanyň gerşinde ýerleşýär. Gala diwarlary gerşiň depesini tutuşlygyna gurşap alýar. Ol toýun palçyk garylyp, dag daşlaryndan galdyrylypdyr we nädogry armyt şekilli gurluşy bar. Diwarlaryň saklanyp galan beýikligi 2 metrden geçmeýär. Esasy bölegi ondan hem pes. Galanyň içki meýdanynda hiç hili gurluşygyň yzlary görünmeýär. Ol ýerde ujypsyz möçberde küýze döwükleri duşýar. Tapylan arheologiýa tapyndylaryna esaslanylyp, gala XVI — XVIII asyrlar bilen senelenýär.

Diňgala — Ak bugdaý etrabynyň çäklerinde ýerleşýär. Onuň 7 gektara golaý meýdany tutýan gönüburçlugynyň daşyna düýbi inli, ýokarsy inçelip gidýän, pagsadan gurlan diwar aýlanypdyr. Burçlarynyň birinde goranyş berkitmesi — diňi ýerleşipdir. Galanyň içki giňişliginde gurluşyk işleri geçirilmändir, görnüşine görä, ol ýerde hiç hili desga gurulmandyr. Gala XVIII — XIX asyrlar bilen senelenýär.

Allaguly BERDIÝEWIŇ «Günorta Türkmenistanyň XVI — XVIII asyrlardaky maddy medeniýeti» atly kitaby boýunça taýýarlandy.
Beýleki habarlar