Türkmeniň ak öýi

24 Mart 2021
1123

Ak öýler dört, alty ýa-da sekiz ganat bolýar. Öý tutulanda ýagyş-ýagmyryň suwy öýüň içine girmez ýaly ilki bilen toprak üýşürilip, seki galdyrylýar. Soňra öý tutjak ýeriňi peýläp, ýere gazyk kakylýar. Öýüň gazygy pil sapyndan hem ýogynrak agaçdan bolup, ony öý tutjak ýeriňe kakanyňdan soň, tärimleri biri-birine daňmaly. Gazygy öýüň çep tarapky täriminden 1 metr çemesi içräk edip kakmaly. Soňlugy bilen şol gazyga sallançagyň bagy daňylýar. Gurnalan öýüň berk bolmagy üçin bosaga goýuljak ýerden 50-60 santimetr çukur gazyp, bekit agajyny dikmeli-de, tärimleri şol bekit agajyna daňmaly. Eger-de ak öý başga ýere göçürilmejek bolsa, tärimleriň her gat söýesine bag agaç dikilýär. Baglamak, berkitmek manysyndaky bag agaç hem bekit agajy ýaly, ýere berkidilýär.

Tärim — öýüň ganaty, olary biri-birine daňyp berkideniňden soň, tüýnügi ýerine goýmaly. Tüýnügi dogumly, işbaşarjaň ýigitler ýokary galdyrypdyrlar. Öýüň tüýnügi tegelek görnüşde bolup, dört bölege — çagaryga bölünýär. Uguň inçeldilen tarapyna uguň balasy, tüýnügiň gözlerine bolsa, bäbenek diýilýär, uklaryň balasyny bäbenege dakanyňdan soň, uguň aşaky tarapyny tärime ukbagy bilen daňmaly, uguň tärime daňylan ýerine bolsa «herek» diýilýär.

Jemal ANNAGELDIÝEWA,
Daşoguz şäherindäki 2-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar