«Ýerde Nowruz hormaty...»

23 Mart 2021
1935

Nowruz baýramy gadymy döwürlerden bäri Gündogar halklarynda bellenilip gelnipdir. Bu hakda zoroastrizmiň mukaddes kitaby bolan «Awestada», Abylkasym Firdöwsiniň «Şanama» eserinde, Abu Reýhan Birunynyň «Gadymy halklardan galan ýadygärlikler», Nyzamylmülküň «Syýasatnama» eserinde, Gündogaryň söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde gymmatly maglumatlar beýan edilýär.

Tebigy hadysalaryndan hasap tutan pederlerimiz Nowruzda gar ýa-da ýagyş ýagsa, ýylyň ygally boljakdygyny kesgitläpdirler. Sähra merdanalary bolan çopanlar üçin tebigat müňbir täsinlikleri bilen olaryň aňyna ornaşypdyr. Tebigatda bolup geçýän üýtgeşmeler, howanyň üýtgemegi, zeminde ýaşyl otlaryň gögermegi, guş-gumrularyň hereketiniň artmagy sähra adamlarynda dürli garaýyşlary oýarypdyr.

Gülkamar SEÝITGULYÝEWA,
Bäherden etrap Akdepe oba Medeniýet öýüniň aýdym-saz ýolbaşçysy.
Beýleki habarlar