Gözelligiň hem kämilligiň nusgasy

23 Mart 2021
1117

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda atçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady düýpli döwrebaplaşdyrylýar, ykbalyny şu ugra bagyşlan hünärmenleriň iş we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak üçin uly işler amala aşyrylýar. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda ajaýyp atçylyk sport toplumlary guruldy, atşynaslaryň we seýisleriň, şeýle hem ussat çapyksuwarlaryň zähmetine mynasyp baha berlip, «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy», «Türkmenistanyň halk atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» hem-de «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly atlar döredildi. Munuň özi behişdi bedewlerimize we türkmen atşynaslaryna goýulýan hormat-sarpany alamatlandyrýar.

Halkymyzyň milli buýsanjyna we guwanjyna öwrülen, dünýä ýüzünde gözelligiň hem kämilligiň nusgasy hasaplanýan ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atşynaslyk we seýisçilik sungatyny, atçylyk sportuny ösdürmekde edilýän işler barha giň gerime eýe bolýar. Şonuň üçin asyrlar aşyp, nesilden nesle geçip gelen, türkmeniň milli mirasynyň gözbaşy bolan arassa ganly ahalteke tohum atlarymyzy sarpalamak biziň her birimiziň perzentlik borjumyzdyr.

Nowruzälem GURDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar