"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

Arkadagym paýhas bilen täze ýyla bir mynasyp at berdi:«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany».Pederleriň ýörelgesi dowam edip, rowaçlandyrýar ýurdy,Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany. Millilikden gözbaş alnyp, Diýarymda gurulýar kän ymarat,Maksadymyz birdir biziň — ýurdumyzy gülletmekden ybarat,Her säher-şam azan sesi ýaňlanyp dur, metjitlerde ybadat,Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.

Parahatçylyk we ynanyşmak — döwrüň goşa ganaty

Parahatçylyk we ynanyşmak ählumumy ösüşleriň gözbaşydyr. Olaryň üpjün edilen ýerinde gülläp ösüşiň we üstünlikleriň gazanyljakdygy şübhesizdir. Şu garaýyşdan ugur alýan türkmen halky parahatçylyk söýüjilik ýörelgesine ygrarly bolmak bilen, ynanyşmak esasynda Ýer ýüzünde ählumumy asudalygy berkarar etmek ugrunda irginsiz tagallalary gaýgyrmaýar. Munuň özi parahatçylyga we ynanyşmaga bolan uly sarpanyň halkymyzyň milli garaýyşlaryndan gözbaş alýandygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmeginiň uly manysy bar. Çünki parahatçylyk we ynanyşmak Türkmenistanyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň hem-de daşary syýasatynyň binýatlaýyn ýörelgeleridir. Muny milli Liderimiziň 2011-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisiniň belent münberinden «Ösüş arkaly parahatçylyk» şygaryny öňe sürmegi hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary parahatçylyk söýüjilik, sebit we dünýä derejesinde işjeň hyzmatdaşlygy üpjün etmek, gapma-garşylyklara, harby bileleşiklerdir şertnamalara gatnaşmazlyk, beýleki döwletleriň özbaşdaklygyna we çäk bitewüligine hormat goýmak, olaryň içerki işlerine gatyşmazlyk ýörelgelerinden ybaratdyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanyp, halkara giň

Ne­ti­je­li iş­ler ýo­la go­ýul­ýar

Ýur­du­my­zyň har­by we hukuk goraýjy eda­ra­la­ry­nyň iş­gär­le­ri öz­le­ri­niň mu­kad­des bor­ju­na eýer­mek bi­len, asu­da­ly­gy, pa­ra­hat­çy­ly­gy üp­jün et­mek, ra­ýat­la­ryň ara­syn­da düz­gün bo­zul­ma­la­ryň öňü­ni al­mak ug­run­da ir­gin­siz iş alyp bar­ýar­lar. Döwlet mig­ra­si­ýa gul­lu­gy­nyň iş­gär­le­ri hem bu il-ýurt bäh­bit­li iş­le­re saldamly go­şant goş­ýar­lar. Biz işi­miz­de Türk­me­nis­tan­da he­re­ket ed­ýän ka­nun­lar­dan we ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ryn­dan ugur al­ýa­rys. Olar bol­sa yzy­gi­derli kä­mil­leş­di­ri­lip du­rul­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gol çe­ken Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da şu ýylyň 2-nji martyndan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň rug­sat­na­ma­la­ry­nyň (pas­port­la­ry­nyň) eýe­le­ri bo­lan da­şa­ry ýurt ra­ýat­la­ry­na Türk­me­nis­ta­nyň çä­gi­ne ge­len gü­nün­den baş­lap, otuz se­ne­na­ma möh­le­te çen­li wi­za­la­ry res­mi­leş­dir­mez­den Türk­me­nis­ta­nda bol­ma­ga, on­dan git­mä­ge hem-de ýurdumyzyň çä­gin­den üs­ta­şyr geç­mä­ge rug­sat be­ril­di. Şo­nuň ýa­ly-da, Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan akk­re­di­tir­le­nen BMG-niň ýa-da onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry­nyň iş­gär­le­ri bo­lan da­şa­ry ýurt ra­ýat­la­ry we ola­ryň maş­ga­la ag­za­la­ry ýur­du­myz­da iş alyp bar­ýan döw­rü­niň do­wa­myn­da wi­za res­mi­leş­dir­mek­den bo­şa­dyl­dy. Şeý­le ýe­ňil­lik­le­r

Nusga alarlyk görelde

Milli Liderimiziň belent münberlerden öňe süren dünýä ähmiýetli teklipleri bilen uly meşhurlyga eýe bolan Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekmegi başarýar. Hut şeýle teklipleriň netijesinde Türkmenistan «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň taslamasynyň awtorydyr. BMG-niň Baş Assambleýasynyň goldawyna mynasyp bolan bu taslama häzirki wagtda Aral heläkçiligini aradan aýyrmak, ykdysady we durmuş şertlerini, ilatyň ýaşaýyş we saglyk derejesini gowulandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmak üçin ygtybarly binýat bolup durýar. Şundan görnüşi ýaly, milli Liderimiziň öňe sürýän her bir başlangyjy we teklibi sebit hem-de dünýä ähmiýetli gymmatlykdyr. Dünýä ýagdaýlarynyň globallaşýan häzirki döwründe şol meseleleriň öz wagtynda çözülmegi we kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilmegi döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Munuň üçin bolsa, ilkinji nobatda, dünýäde parahatçylygy üpjün etmek gerek. Parahatçylyk üçin-de birek-birege ynanyşmak gerek. Haçan-da ýurtlar, milletler bu meselä çynlakaý çemeleşip, özara ynanyşmagy we goldawy gazanyp bilseler, şol ýerde parahatçylyk, ösüş, abadançylyk hem bolar. Bu babatda nusga alarlyk görelde görkezýän Türkmenistan asylly ýoly dowam etdirmek bilen, öz öňünde belent wezipeleri goýdy. Şol wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi Garaşsyz, baky Bit

Asudalygyň we abadançylygyň mekany

Parahatçylyk, ynanyşmak we abadançylyk ýaly düşünjeler halkymyzyň ýaşaýşynyň, durmuş ýörelgesiniň we maksat-myradynyň mazmunynda jemlenýär. Bu mukaddes düşünjeler halkymyza döretmäge we gurmaga güýç-kuwwat berýär hem-de milletimizi beýik maksatlara ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Garaşsyzlyk düşünjesi parahatçylyk hem-de ynanyşmak, abadançylyk, özerklilik düşünjeleri bilen gözbaşy asyrlara uzaýan taryhy kökler arkaly baglanyşýar» diýip belleýşi ýaly, parasatly pederlerimizden miras galan däp-dessurlarymyzda hem umumadamzat ýaşaýşynyň kada-kanunlary, durmuş düzgünleri öz beýanyny tapýar.

Dostluga çagyryp bütin dünýäni

Eziz Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda hemişelik oňyn Bitaraplyk, parahatçylyksöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe sürýän berkarar döwletimiziň halkara abraýy, dünýä bileleşiginiň durmuşynda tutýan orny, durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti has-da ýokarlanýar. Ýurdumyzyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolanyna geçen ýyl çärýek asyr doldy. 25 ýyl taryh üçin onçakly kän wagt bolmasa-da, geçen ýyllarda Türkmenistan dünýä syýasatynda öz mynasyp ornuny berkitmegi başardy. Häzirki wagta çenli Bitarap Türkmenistan dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýup, halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzasy boldy. Şeýle-de giň gerimli taslamalary amala aşyrmak bilen, ýurdumyz Merkezi Aziýa sebitinde iri ulag-üstaşyr geçelgeleriniň merkezine öwrüldi. «Demirgazyk — Günorta» demirýol ulag geçelgesini, Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisini, gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini, gurlup, ulanylmaga berlen Kerki — Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy polat ýollaryny aýratyn bellemek gerek. Munuň özi ýurdumyzyň sebitiň we dünýäniň döwletleri bilen ýola goýan gatnaşyklaryny mazmun taýdan baýlaşdyrmakda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Eziz Arkadagymyz gözbaşyny şöhratly taryhymyzyň irki döwürlerinden alyp gaýdýan milli ýol-ýörelgelerimizden ugur

Parahatçylygyň nusgasy

Türkmenistanyň baky Bitaraplygy ýurdumyzyň parahatçylyga, dost-doganlyga sarpa goýýan daşary syýasatynyň ýol-ýörelgesini kesgitleýär we dünýä äşgär edýär. Biz dünýäniň ähli döwletleri, şeýle hem iri halkara guramalary bilen diňe bir özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen çäklenmän, ilkinji nobatda, şol hyzmatdaşlygyň dostlukly hem-de umumadamzat jemgyýetçiliginde asudalyk syýasatyny öňe sürýän oňaýly gatnaşyklardan ybarat bolmagy ugrunda tagalla edýäris. Türkmenistan umumadamzat gymmatlyklaryna we demokratiýanyň ýörelgelerine eýerýär, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlygy saklaýar. Milli Liderimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden edýän her bir çykyşy, teklibi bütün dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýar. Sebit hem-de sebitara hoşniýetli gatnaşyklar, halkara ulag aragatnaşyklaryny ösdürmek, energetika howpsuzlygy, dünýä halklarynyň bähbitlerine gönükdirilen we ekologiýa meseleleri bilen baglanyşykly taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistan dünýä ýüzünde ynsanperwerlikli, adalatly hem-de parahatçylykly gatnaşyklaryň berkarar edilmegi, ýurtlaryň, yklymlaryň halklarynyň ýakynlaşmagy, olaryň arasynda bähbitli hyzmatdaşlyklaryň pugtalandyrylmagy ugrunda işjeň çykyş edýär. Biziň ýurdumyz dostluk we ynanyşmak arkaly ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň has ygtybarly hem-de hemişelik bolýandygy ba

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatyna eýerip

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar AŞGABAT, 31-nji mart (TDH). Şu gün Fransiýanyň “MEDEF International” telekeçiler assosiasiýasy we iki ýurduň diplomatik wekilhanalary tarapyndan guralan ýörite okuw maslahaty oba hojalyk pudagynda türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyna bagyşlandy.

Taryhy wakalara buýsanç

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ägirt uly özgerişler bolup geçdi. Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli, ruhy we maddy gymmatlyklary has-da ösdürildi we dünýä ýaýyldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň giň möçberli maksatnamalary netijesinde ýurdumyzyň asudalygy dünýä jemgyýetçiligi bilen hoşniýetli gatnaşyklaryň has-da giňeldilmegine badalga bolýar.

Parahatçylyk ýörelgelerimiziň waspy

Asudalyk, parahatçylyk, hoşniýetlilik Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä ykrar edilen ajaýyp ýörelgeleridir. Hormatly Prezidentimiziň oňyn başlangyçlary netijesinde ata Watanymyzyň halkara abraýy Ýer ýüzüne ýaň salýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly Türkmenistan umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary bilen tutuş dünýäde parahatçylygyň berkarar edilmegini goldaýar. Munuň özi milli Liderimiziň öňdengörüjiligi bilen gazanýan üstünliklerimiziň, halkara derejesindäki at-abraýymyzyň, ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň giňden dabaralanýandygyny subut edýär. Türkmen Bitaraplygynyň taryhy kökleri, şu güni we geljegi bolsa eziz Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda has aýdyňlygy bilen beýan edilýär. Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, her bir meseläni ylalaşyk arkaly çözmek biziň ata-babalarymyza mahsus ajaýyp häsiýetlerdir. Türkmen bitaraplygynyň taryhy kökleri hem şu ýörelgeleriň asyrlar aşyp, has-da kämilleşmegi bilen baglanyşyklydyr. Ata-babalarymyzyň parahatçylyk taglymatlary, adalatly jemgyýeti döretmek pikirleri hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Türkmen Bitaraplygynyň esasy özeniniň milli ýörelgelerimize esaslanýandygy taryhy maglumatlaryň, halk döredijiligi

Parahatçylygyň belent nusgasy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz uly üstünliklere beslenýär, parahatçylyk söýüjilik ýörelgämiz dünýä ýaýylýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyz belent üstünliklere eýe bolýar, dünýädäki abraýy has-da ýokarlanýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek bilen, dünýäde we sebitde ähmiýetli orny eýeleýär. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolan Türkmenistan şu günki günde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda parahatçylyk dörediji merkeze öwrülýär. Biz muny hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda ähli agza döwletler tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmeginde hem aýdyň görýäris. Şeýle parahatçylygy döredýän eziz Diýarymyzda hem şu ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyryldy. Munuň özi çuňňur many-mazmuna eýe bolup, sebitde we dünýäde parahatçylyk ýörelgelerini wagyz etmäge, asylly başlangyçlary dünýä ýaýmaga giň mümkinçilik bolup durýar.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk Mejlisiň wekilleri Parlamentara birleşigiň 22 — 26-njy mart aralygynda wideoaragatnaşyk arkaly «Parlamentariler üçin maslahat» atly bäş günlük maglumat forumyna gatnaşdylar.

Parahatçylyk şuglasy

Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden başlap, daşary syýasatda bitaraplyk ugruny saýlap almagy, parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk, «Açyk gapylar» syýasatyny ýöredip başlamagy ýurdumyzyň dünýä bileleşigine işjeň goşulyşyp gitmegine ýardam etdi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji sessiýasynda dünýäniň 185 döwletiniň goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi. Bu möhüm resminama Türkmenistanyň bitaraplygynyň we onuň parahatçylyk dörediji tagallalarynyň dünýä döwletleri tarapyndan ykrar edilmegi boldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň köp sanly döwletleri we halkara guramalary bilen deňhukukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barýar. Bitarap Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan energetika, ykdysady, durmuş, medeni we ekologiýa hyzmatdaşlygy boýunça ençeme Kararnamalaryň kabul edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň abraýly gurama bolan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan uly goldawa eýe bolýandygynyň subutnamasydyr.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk AŞGABAT, 25-nji mart (TDH). Şu gün türkmen-ýapon komitetiniň ýapon tarapyndan başlygy, “Itochu Corporation” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Subaý bilen DIM-de wideomaslahat görnüşinde duşuşyk geçirilip, onda köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga ýurdumyzyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hem-de “Sumitomo Corporation” ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.

Parahatçylyk — baky bagtymyz

Diýarymyzda durmuşa geçirilýän beýik işler Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli syýasatlarynyň çuňňur many-mazmunyny aýdyň ýüze çykarýar. Bu bolsa raýatlaryň abadançylygynyň hatyrasyna ýurdy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan ýörelgeleriniň maksada okgunly, yzygiderli we anyk durmuşa geçirilýändigini doly äşgär edýär. Gahryman Arkadagymyzyň üstünlikli amala aşyrýan özgertmeleriniň ýurt parahatçylygy, Watan berkararlygy bilen berk baglydygyna, umumadamzat ähmiýetli asylly başlangyçlaryň gözbaşynda durandygyna şaýat bolýarys. Jemgyýetiň aň kämilligini gazanmak we yzygiderli ösdürmek derwaýyslygynyň her bir sagdyn, kuwwatly, ösen döwlet üçin hiç haçan öz ähmiýetini ýitirmeýändigi baradaky hakykaty biziň ählimiz bilýäris. Bu wajyplygy hemişe üns merkezinde saklamak ýurduň ösüşini doly üpjün edýär. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halkymyzyň ýeten belentlikleri, syýasy, ykdysady we medeni taýdan gazanan üstünlikleri ençeme on ýyllyklaryň, belki-de asyryň dowamynda eýelenýän belent sepgide, gazanylýan ösüşe barabar bolup durýar. Ähli ösüşleriň binýady bolan ylym-bilime berilýän aýratyn üns ýurdumyzyň geljeginiň röwşendigine, beýikdigine doly şaýatlyk edýär.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk AŞGABAT, 24-nji mart (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly “Häzirki zaman dünýäsinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň derwaýyslygy” atly metbugat maslahaty geçirildi. Onlaýn duşuşyga “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň, Türkiýäniň “TRT” teleradiokorporasiýasynyň, Russiýanyň “Russia Today” halkara habar beriş teleýaýlymlar ulgamynyň, Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU), “Bütinrussiýa döwlet teleradio gepleşikler kompaniýasy” federal döwlet unitar kärhanasynyň, Hindistanyň “Prasar Bharati” ýaýlymlar kompaniýasynyň, Özbegistanyň milli teleradiokompaniýasynyň, Azerbaýjanyň “AzerTAj” Döwlet habarlar agentliginiň, “Aztv” halkara radiosynyň, Gruziýanyň “TW-24” teleýaýlymynyň, Ermenistanyň “Armenpress” habarlar agentliginiň we beýlekileriň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Türkmeniň agzybirlik ýörelgesi

Bagtyýar halkymyz gözel Diýarymyzyň beýik geljeginiň hatyrasyna döredýär we gurýar, beýik Garaşsyzlygymyzyň peşgeş beren egsilmez bagtyna buýsanyp ýaşaýar, toý-baýramlaryny agzybirlikde, jebislikde, ýokary ruhubelentlikde uludan tutýar. Ähli zadyň sakasyny saglyk, ähli üstünlikleriň açaryny agzybirlik hasaplaýan mähriban halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuny uludan tutmaga taýýarlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen halkymyz, agzybirlik bilen baky baharyň zamanasynda, parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watanynda bagtyýar ýaşaýar. Milletiň bagtyýar ýaşamagy üçin bolsa, ilkinji nobatda, agzybirlik, jebislik we rahatlyk ýaly durmuş gatnaşyklary zerur. Hawa, halkymyzyň hoşniýetli häsiýetleriniň biri bolan agzybirlik we jebislik adamlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrýar. Çünki döwrümiziň ösüşiniň esasy sütünleri dünýä bilen dostanalykda, hyzmatdaşlykda hem-de agzybirlikde. Bagtyýarlygyň özeni bolan agzybirlik dünýäniň asudalygyndan nurlanýar. Şonuň üçin hem halkymyzda agzybirlik diýen düşünje Asman ýaly giň, baýdak ýaly belent tutulypdyr. Şu ýerde hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabyna ýüzlenip göreliň. Kitabyň diňe bir «Agzybirlik» diýlip atlandyrylan bölüminde däl, eýsem, kitabyň tutuş esasynda hem döwletlilik, agzybirlik, jebislik

Hoşniýetli parahatçylyk ýörelgesi

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda belent üstünlikler gazanylýar, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üpjün edilýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bagtyýar geljegini, ýurdumyzyň ösüşlerini has-da belende göterýär. Şunda diňe bir ýurdumyzda däl-de, eýsem, dünýäde gazanylýan ösüşler hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Çünki hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda parahatçylyk ýörelgämiz dünýä ýaýylýar, dostlukly halklaryň arasynda uly goldawa eýe bolýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde Türkmenistan ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan, dünýä üçin açyk, parahatçylygy döretmäge goşant goşýan döwletdir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasaty halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek bilen bir hatarda, dünýä halklarynyň abadançylygyna gönükdirilendir. Ýurdumyzyň dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginde hemişelik Bitaraplygyň, parahatçylyk ýörelgeleriniň ähmiýeti uludyr. Parahatçylyk ýörelgeleri türkmen halkynyň taryhy gymmatlygyny, dünýäde belent abraýyny, hoşniýetli gatnaşyklaryny kemala getirdi. Munuň özi Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň dünýä giňişliginde netijeli ösdürilýändigini aýdyň beýan edýär.

Bitaraplyk — parahatçylygy döretmek sungaty

3. Parahatçylyk sazy Adamzat döräli bäri kemala gelen jemgyýetleriň esasy wezipesi parahat, agzybir, asuda geljegiň binýadyny gurmak bolup durýar. Türkmen jemgyýeti üçin şol binýat baky Bitaraplygymyzdyr. Hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitaby bu babatda aýratyn ähmiýete eýedir. Kitapda halkara gatnaşyklarda aýratyn fenomene öwrülen bu hadysa türkmen mentaliteti, has takygy, dünýäni türkmençe görüş pelsepesi nukdaýnazaryndan baha berilýär. Dünýäniň islendik künjeginiň özara baglanyşygynyň has-da güýjeýän şertlerinde baky Bitarap Türkmenistanda «hoşniýetli goňşuçylyk» düşünjesiniň diňe bir özüne serhetdeş däl-de, alysdaky döwletler babatda-da giňden ulanylýandygy nygtalýar. Gürrüňi edilýän kitapda meşhur türkmen sazandasy Şükür bagşa bagyşlanyp döredilen eser esasynda halkymyzyň asyrlarboýy ygrarly bolan ýol-ýörelgeleriniň döwrebap meseleleri çözmekdäki orny açylyp görkezilýär. Bu gymmatly kitap hormatly Prezidentimiziň çuňňur paýhasly pikirleriniň özboluşly beýanydyr.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk AŞGABAT, 18-nji mart (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri R.Kazakbaýew bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda iki dostlukly ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik ugur boýunça türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň, şeýle hem söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.