Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

2 Aprel 2021
1605

Arkadagym paýhas bilen täze ýyla bir mynasyp at berdi:
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany».
Pederleriň ýörelgesi dowam edip, rowaçlandyrýar ýurdy,
Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.

Millilikden gözbaş alnyp, Diýarymda gurulýar kän ymarat,
Maksadymyz birdir biziň — ýurdumyzy gülletmekden ybarat,
Her säher-şam azan sesi ýaňlanyp dur, metjitlerde ybadat,
Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.

Güýçnazar TÄŞLIÝEW,
welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymy.
Beýleki habarlar