Parahatçylyk şuglasy

26 Mart 2021
2162

Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden başlap, daşary syýasatda bitaraplyk ugruny saýlap almagy, parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk, «Açyk gapylar» syýasatyny ýöredip başlamagy ýurdumyzyň dünýä bileleşigine işjeň goşulyşyp gitmegine ýardam etdi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji sessiýasynda dünýäniň 185 döwletiniň goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi. Bu möhüm resminama Türkmenistanyň bitaraplygynyň we onuň parahatçylyk dörediji tagallalarynyň dünýä döwletleri tarapyndan ykrar edilmegi boldy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň köp sanly döwletleri we halkara guramalary bilen deňhukukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barýar. Bitarap Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan energetika, ykdysady, durmuş, medeni we ekologiýa hyzmatdaşlygy boýunça ençeme Kararnamalaryň kabul edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň abraýly gurama bolan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan uly goldawa eýe bolýandygynyň subutnamasydyr.

Maksatmyrat ANNAÝEWA,
Türkmenbaşy etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar