Türkmeniň agzybirlik ýörelgesi

24 Mart 2021
1970

Bagtyýar halkymyz gözel Diýarymyzyň beýik geljeginiň hatyrasyna döredýär we gurýar, beýik Garaşsyzlygymyzyň peşgeş beren egsilmez bagtyna buýsanyp ýaşaýar, toý-baýramlaryny agzybirlikde, jebislikde, ýokary ruhubelentlikde uludan tutýar. Ähli zadyň sakasyny saglyk, ähli üstünlikleriň açaryny agzybirlik hasaplaýan mähriban halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuny uludan tutmaga taýýarlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen halkymyz, agzybirlik bilen baky baharyň zamanasynda, parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watanynda bagtyýar ýaşaýar. Milletiň bagtyýar ýaşamagy üçin bolsa, ilkinji nobatda, agzybirlik, jebislik we rahatlyk ýaly durmuş gatnaşyklary zerur.

Hawa, halkymyzyň hoşniýetli häsiýetleriniň biri bolan agzybirlik we jebislik adamlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrýar. Çünki döwrümiziň ösüşiniň esasy sütünleri dünýä bilen dostanalykda, hyzmatdaşlykda hem-de agzybirlikde. Bagtyýarlygyň özeni bolan agzybirlik dünýäniň asudalygyndan nurlanýar. Şonuň üçin hem halkymyzda agzybirlik diýen düşünje Asman ýaly giň, baýdak ýaly belent tutulypdyr. Şu ýerde hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabyna ýüzlenip göreliň. Kitabyň diňe bir «Agzybirlik» diýlip atlandyrylan bölüminde däl, eýsem, kitabyň tutuş esasynda hem döwletlilik, agzybirlik, jebislik ýörelgesi ýatyr. Bu ajaýyp eserde milletimiziň ruhuna kybap döwrüň wakalary tymsallaryň we durmuş hakykaty bilen bagly rowaýatlaryň üsti bilen öz beýanyny tapýar. Bu kitaby okanyňda Gahryman Arkadagymyzyň bize peşgeş beren edebi çeşmeleriniň gymmatyna, onuň terbiýeçilik ähmiýetine doly göz ýetirýärsiň. Çünki milletiň baky we dowamly ýaşaýşynda gadymyýetiň ruhy gymmatlyklary, ruhy gözellikleri özüniň manyly sahypasy bilen saklanyp galandyr. Adamzat dünýäsi olary kalbynda, aňynda eşrepi ýaly saklap, şu günlere ýetirýär. Halkymyzyň arasyndaky agzybirlik baradaky parasatly pähimleriň milli güýjüň, milli ruhuň, öwüt-ündewleriň belent-belent sepgitlerden ençeme menzil aşyp, şu günlere gelip ýetendigine örän buýsanýarys. «Maşgalada agzybirlik bolsa, hazyna gerek däl», «Döwletlilik — agzybirlik, bidöwletlik — agzalalyk» ýaly atalarymyzyň paýhasynda ynsan durmuşynyň, eşretiniň özeninde agzybirligiň hem-de jebisligiň has giň ornaşandygy nygtalýar. Munuň özi agzybirlik we jebislik hakyndaky ruhubelent duýgulary ynsan köňlüne doldurýar. Çünki söz bilen emele gelen paýhaslar her bir ynsana özüniň maddy hem ruhy güýjüni eçilýär. Sözüň keramaty adamzat jemgyýetinde ynsan gatnaşyklarynyň hereketde bolýandygyny we ýaşaýandygyny kesgitleýän bolsa, halkyň dowamat-dowamy, durmuş ykbaly agzybirlik hem jebislik bilen kesgitlenilýär.

Nurýagdy AKMÄMMEDOW,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň harby-lukmançylyk fakultetiniň dekanynyň orunbasary, podpolkownik.
Beýleki habarlar