Parahatçylyk — baky bagtymyz

25 Mart 2021
1522

Diýarymyzda durmuşa geçirilýän beýik işler Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli syýasatlarynyň çuňňur many-mazmunyny aýdyň ýüze çykarýar. Bu bolsa raýatlaryň abadançylygynyň hatyrasyna ýurdy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan ýörelgeleriniň maksada okgunly, yzygiderli we anyk durmuşa geçirilýändigini doly äşgär edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň üstünlikli amala aşyrýan özgertmeleriniň ýurt parahatçylygy, Watan berkararlygy bilen berk baglydygyna, umumadamzat ähmiýetli asylly başlangyçlaryň gözbaşynda durandygyna şaýat bolýarys. Jemgyýetiň aň kämilligini gazanmak we yzygiderli ösdürmek derwaýyslygynyň her bir sagdyn, kuwwatly, ösen döwlet üçin hiç haçan öz ähmiýetini ýitirmeýändigi baradaky hakykaty biziň ählimiz bilýäris. Bu wajyplygy hemişe üns merkezinde saklamak ýurduň ösüşini doly üpjün edýär. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halkymyzyň ýeten belentlikleri, syýasy, ykdysady we medeni taýdan gazanan üstünlikleri ençeme on ýyllyklaryň, belki-de asyryň dowamynda eýelenýän belent sepgide, gazanylýan ösüşe barabar bolup durýar. Ähli ösüşleriň binýady bolan ylym-bilime berilýän aýratyn üns ýurdumyzyň geljeginiň röwşendigine, beýikdigine doly şaýatlyk edýär.

Aýjemal GELDINAZAROWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar