Nusga alarlyk görelde

2 Aprel 2021
1369

Milli Liderimiziň belent münberlerden öňe süren dünýä ähmiýetli teklipleri bilen uly meşhurlyga eýe bolan Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekmegi başarýar. Hut şeýle teklipleriň netijesinde Türkmenistan «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň taslamasynyň awtorydyr. BMG-niň Baş Assambleýasynyň goldawyna mynasyp bolan bu taslama häzirki wagtda Aral heläkçiligini aradan aýyrmak, ykdysady we durmuş şertlerini, ilatyň ýaşaýyş we saglyk derejesini gowulandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmak üçin ygtybarly binýat bolup durýar.

Şundan görnüşi ýaly, milli Liderimiziň öňe sürýän her bir başlangyjy we teklibi sebit hem-de dünýä ähmiýetli gymmatlykdyr. Dünýä ýagdaýlarynyň globallaşýan häzirki döwründe şol meseleleriň öz wagtynda çözülmegi we kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilmegi döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Munuň üçin bolsa, ilkinji nobatda, dünýäde parahatçylygy üpjün etmek gerek. Parahatçylyk üçin-de birek-birege ynanyşmak gerek. Haçan-da ýurtlar, milletler bu meselä çynlakaý çemeleşip, özara ynanyşmagy we goldawy gazanyp bilseler, şol ýerde parahatçylyk, ösüş, abadançylyk hem bolar. Bu babatda nusga alarlyk görelde görkezýän Türkmenistan asylly ýoly dowam etdirmek bilen, öz öňünde belent wezipeleri goýdy. Şol wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň abraýyny täze belentliklere göterýär. Dünýäde parahatçylyksöýüjilikli, netijeli daşary syýasaty alyp barýan Bitarap döwletimiziň halkara bileleşigindäki at-abraýynyň yzygiderli ýokarlanýandygyna biziň ýurdumyzyň öňe süren köpsanly başlangyçlaryny abraýly halkara guramalarynyň doly goldaýandygy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga, hoşniýetli gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ýola goýmaga goşýan goşandy biziň ýurdumyzyň umumadamzat bähbitli meseleleri çözmekde nusga alarlyk görelde görkezýändiginden habar berýär.

Jumaguly HUDAÝBERENOW,
Kerki etrap, şäher döwlet notarial edarasynyň uly döwlet notariusy.
Beýleki habarlar