Ne­ti­je­li iş­ler ýo­la go­ýul­ýar

2 Aprel 2021
1554

Ýur­du­my­zyň har­by we hukuk goraýjy eda­ra­la­ry­nyň iş­gär­le­ri öz­le­ri­niň mu­kad­des bor­ju­na eýer­mek bi­len, asu­da­ly­gy, pa­ra­hat­çy­ly­gy üp­jün et­mek, ra­ýat­la­ryň ara­syn­da düz­gün bo­zul­ma­la­ryň öňü­ni al­mak ug­run­da ir­gin­siz iş alyp bar­ýar­lar. Döwlet mig­ra­si­ýa gul­lu­gy­nyň iş­gär­le­ri hem bu il-ýurt bäh­bit­li iş­le­re saldamly go­şant goş­ýar­lar.

Biz işi­miz­de Türk­me­nis­tan­da he­re­ket ed­ýän ka­nun­lar­dan we ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ryn­dan ugur al­ýa­rys. Olar bol­sa yzy­gi­derli kä­mil­leş­di­ri­lip du­rul­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gol çe­ken Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da şu ýylyň 2-nji martyndan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň rug­sat­na­ma­la­ry­nyň (pas­port­la­ry­nyň) eýe­le­ri bo­lan da­şa­ry ýurt ra­ýat­la­ry­na Türk­me­nis­ta­nyň çä­gi­ne ge­len gü­nün­den baş­lap, otuz se­ne­na­ma möh­le­te çen­li wi­za­la­ry res­mi­leş­dir­mez­den Türk­me­nis­ta­nda bol­ma­ga, on­dan git­mä­ge hem-de ýurdumyzyň çä­gin­den üs­ta­şyr geç­mä­ge rug­sat be­ril­di. Şo­nuň ýa­ly-da, Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan akk­re­di­tir­le­nen BMG-niň ýa-da onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry­nyň iş­gär­le­ri bo­lan da­şa­ry ýurt ra­ýat­la­ry we ola­ryň maş­ga­la ag­za­la­ry ýur­du­myz­da iş alyp bar­ýan döw­rü­niň do­wa­myn­da wi­za res­mi­leş­dir­mek­den bo­şa­dyl­dy. Şeý­le ýe­ňil­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi BMG-niň we onuň dü­züm­le­ri­niň da­şa­ry ýurt­ly iş­gär­le­ri­niň ýur­da ge­lip git­mek­le­ri­ni ýe­ňil­leş­dir­ýär we üst­le­ri­ne ýük­le­ni­len we­zi­pe­le­ri tiz wag­tyň için­de ýe­ri­ne ýe­tir­mek­le­ri üçin amat­ly şert­le­ri dö­red­ýär. Şeý­le ta­ry­hy çöz­güt­le­riň aňyr­syn­da bol­sa se­bit­de we dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len gat­na­şyk­la­ry ne­ti­je­li ýo­la goý­mak ug­run­da edil­ýän ala­da­lar durýar. «Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­lyn­da bol­sa bu örän uly äh­mi­ýe­te eýe­dir.

Oraz­gu­ly ÇARYÝEW,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let mig­ra­si­ýa gul­lu­gy­nyň we­la­ýat bo­ýun­ça mü­dir­li­gi­niň har­by gul­luk­çy­sy, uly leý­te­nant.
Beýleki habarlar