Köpýyllyk tejribe — giň mümkinçilikler

17 Mart 2023
343

16-njy martda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow «Buig» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buigi kabul etdi. Işewür özüniň ýolbaşçylyk edýän holdingine Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de amala aşyrylýan giň gerimli taslamalary, ozaly bilen, ak mermerli Aşgabadyň binagärlik keşbiniň özgerdilmegine gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagyň uly hormatdygyny nygtady.

Iri daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň, daşary ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz «Buig» kompaniýasynyň biziň döwletimiziň öňden gelýän hem-de ygtybarly işewür hyzmatdaşydygyna aýratyn üns çekdi. Umumy sany 70-e golaý bilelikde amala aşyrylan taslamalar bolsa türkmen ykdysadyýetiniň ösüşinde, onuň gurluşyk we senagat kuwwatynyň pugtalandyrylmagynda uly ähmiýete eýedir.

"Nesil".
Beýleki habarlar