Horezmde geçirilen maslahat

17 Mart 2023
528

Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlandy

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejede dabaralandyrmak hem-de wagyz etmek maksadyndan ugur alnyp, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan Meýilnamanyň çäklerinde ýakynda, has takygy, 14-15-nji martda Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň Ürgenç etrabynda ýerleşýän «Uly howly» taryhy ýadygärliginiň çägindäki türkmen-özbek Dostluk öýünde «Magtymguly Pyragy — türkmen-özbek dostluk köprüsi» ady bilen halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçihanasynyň wekilleri, Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň wekili, magtymgulyşynaslar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ysmaýyl TAGAN.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar