Türkmen-tatar işewürlik maslahaty

16 Mart 2023
380

Aşgabat, 15-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen Türkmen-tatarystan işewürlik maslahaty Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde nobatdaky ähmiýetli çäre boldy.

Ministrler Kabinetiniň 10-njy martda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow işewürlik maslahatyna taýýarlyk görlüşi baradaky hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasy hem-de onuň iri sebitleri, şol sanda Tatarystan Respublikasy bilen däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň, giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň we düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagynyň hyzmatdaşlygyň ýokary derejesiniň görkezijisi bolup durýandygyny nygtady.

Beýleki habarlar