Ygtybarly hyzmatdaşlygy giňeltmek ýolunda

25 Fewral 2023
656

Ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady taýdan kuwwatly, senagat taýdan ösen ýurtlarynyň hataryna goşulmagynda, jemgyýetimiziň intellektual derejesiniň ýokarlanmagynda bilim berk binýat bolup hyzmat edýär. Ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, ylymly-bilimli, kämil hünärli, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup, ähli ugurlar boýunça ösüşlerimize goşant goşmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň, hünär bilimi edaralarynyň täze binalary yzygiderli gurulýar, okuw-terbiýeçilik işleri kämilleşdirilýär. Ahal welaýatynyň Arkadag şäherini gurmagyň birinji tapgyrynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň, hersi 320 orunlyk 10 sany çagalar bagynyň, hersi 720 orunlyk 4 sany umumybilim berýän orta mekdebiň bina edilmegi hem milli bilim ulgamyny ösdürmek babatda uly aladalaryň edilýändigini görkezýär. Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alýan tutumly işler her bir raýaty eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasat strategiýasynyň netijesinde dünýä döwletleri, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Ýurdumyzyň Ýakyn Gündogar sebitiniň dünýä ykdysadyýetiniň ilerlemeginde esasy orunlarda durýan ýurtlary, şol sanda taryhy we medeni arabaglanyşygy bolan Bahreýn Patyşalygy bilen gatnaşyklary has-da ýygjamlaşýar. Iki dostlukly döwletiň arasynda ykdysady, medeni-ynsanperwer, bilim ulgamlaryny ösdürmekde, öňdebaryjy bilimlere we innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýeti döretmäge gönükdirilen başlangyçlary durmuşa geçirmekde oňyn tejribe toplandy.

Gurbangül ATAÝEWA,
Türkmenistanyň bilim ministri.
Beýleki habarlar