Manama duşuşygy: dostana hyzmatdaşlygyň täze köprüleri

24 Fewral 2023
383

Pederler «Iki döwlet arasyndaky bir sözde müň sözüň gymmaty bardyr» diýipdirler. Iki ýurduň durmuşyna dahylly taryhy pursatlaryň-da bir ömürlik gymmata eýedigi şübhesiz. Ýeri, onsoň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bahreýn Patyşalygyna ilkinji resmi saparyna sapardaş bolmagyň miýesser edendigine neneň buýsanmarsyň?! Görmek — ömürden. Guwanmak — döwletlilikden! Gözde galyp, göwne ornan bu mertebeli pursatlar üçin Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris.

2023-nji ýylyň 21-22-nji fewraly. Türkmen hasaby boýunça togsan dolup, ýere ýyly gidýän günler... Taryhy sapar tebigatyň şeýle hoştap-hoşamaý günlerine gabat geldi. Niçikmi, ak uçarda Aşgabatdan ugraýşyňa, asman gümmezinde iki ýarym sagat çemesi wagtda 1700 kilometrden gowrak ýol geçip, Bahreýne gadam basanyňda, ýaşyl tugumyzyňdyr dostlukly ýurduň ak-gyzyl öwüşginli baýdagynyň her öwrümde, her ädimde sazlaşykly parlap durşuny synlap, dostlugyň ýaz ýakymyny tutuş dünýäň bilen duýýarsyň.

Kakamyrat REJEBOW.
“Türkmenistan”. Aşgabat — Manama — Aşgabat.
Beýleki habarlar