Biziň hyzmatdaşlygymyz — mizemez dostlugyň nusgasy

22 Fewral 2023
414

Aleksandr BLOHIN,
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi.

Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanan wagtyndan bäri Russiýa Federasiýasynyň strategik hyzmatdaşy bolmagynda galýar. Iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyndan soňky geçen 30 ýyldan gowrak döwürde halkara ylalaşyklar bilen berkidilen pugta, deňhukukly gatnaşyklar kemala geldi. Ol syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgam ýaly ugurlaryň tas ählisini öz içine alýar. 2002-nji ýylda Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistan dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamany baglaşdylar. RF-niň Prezidenti Wladimir Putiniň 2017-nji ýylda Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde bolsa strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama gol çekildi. Olar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň arhitekturasynda esasy resminamalar bolup durýar. Mundan başga-da, rus-türkmen hyzmatdaşlygynyň umumy şertnama binýady halkara ylalaşyklaryň 360-dan gowragyndan ybarat bolup, munuň özi ähli ugurlardaky özara hereketleriň ýokary derejededigine şaýatlyk edýär.

Beýleki habarlar