Haýran galdyrýan inçe sungat

22 Fewral 2023
426

Milletine ýa-da ýurduna garamazdan, milli öwüşginli zatlar ähli ýerde özüne çekýär. Eýran Yslam Respublikasynyň ýakynda paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda giňden ýaýbaňlandyrylan ykdysady sergisinde hem önüm öndürijileriň, işewürleriň iň zamanabap we ýokary hilli önümleri bilen birlikde, nepis halylar ünsümizi özüne çekdi. Diwarlykda asylyp goýlan ýüpek halylar älemgoşar lowurdysy bilen gözüňi gamaşdyrýar. Olary elläp görüp, her biriniň gaty inçelik bilen dokalandygyna haýran galýarsyň. Diwarlygyň öňünde durup, bizi keseden synlaýan eýranly myhman ýanymyza geldi-de, özüni tanyşdyrdy. Ol bu ajaýyp gözellikleri döredýän Eýranyň «Iran Carpet» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mehti Suleýmani eken. Biz oňa özümizi gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlendik. Eýranly halyşynas şeýle gürrüň berdi:

— Halylaryň syklygy ýüpekleriň inçeliginden hem-de olary dokaýanlaryň ussatlygyndan. Üns beriň, şu halynyň ýedi santimetrinde 70-den 100 aralykda çitim bar. Bu gaty inçe hem nepis sungat. Bu barada, Türkmen halysynyň milli muzeýine baranymyzda, siziň halyçy zenanlaryňyz hem aýtdylar. Şu ýerde çeper elli türkmen gelin-gyzlarynyň dokaýan halylarynyň hem örän owadandygyny, nepisdigini aýdasym gelýär. Aýratyn-da, haly nagyşlarynyň köpdürlüligi haýran galdyrdy. Nagyşlar biri-birini gaýtalamaýar, her bir göli, reňki, çitimi durşuna ylym diýseň-de, hakykata ýakyn bolar. Türkmen halylarynda Oguz hanyň tagmalary, berdaşly guşlary, nyşanlary janlandyrylýar. Olarda oguz kowumynyň nesil nyşanlaryny görmek bolýar. Ol nagyşlaryň hersiniň öz döreýiş taryhy bar, hersi bir manyny aňladýar, hersi özboluşly täsin syrlara eýe. Halyçy türkmen gelin-gyzlarynyň täze nagyşlaryň gözleginde bolup, örän döredijilikli işlemegi bizi has-da begendirdi.

Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar