Binýady berk halkara gatnaşyklary

21 Fewral 2023
668

Gadymy we müdimi halkymyzda jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň näderejede berkdigini alamatlandyrýan «Biz olar bilen owal-ahyr saçakly, duz-çörekli gatnaşýarys» diýen sözler häli-şindi iň köp gaýtalanýan jümleler bolsa gerek. Şoňa görä-de, bu günki gün maşgala gatnaşyklary jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň, jemgyýetçilik gatnaşyklary bolsa halkara we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkemeginde esas bolup durýar diýsek, öte geçmeris. Ýurdumyzda soňky ýyllarda halkara gatnaşyklar babatdaky gazanylýan üstünlikler hem muňa doly şaýatlyk edýär. Gadymdan gelýän hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap we hil taýdan täzeçil röwüşde dowam etdirilýän şeýle halkara gatnaşyklarynyň biri-de, türkmen-katar gatnaşyklarydyr.

20-nji fewralda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza sapar bilen gelen Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Şeýh Faýsal bin Nasser bin Hamad Al Tani bilen geçiren duşuşygy hem munuň aýdyň güwäsine öwrüldi.

«Bereketli toprak».
Beýleki habarlar