Türkmenistan we ÝUNESKO: täze ädimler uly üstünliklere badalga

21 Fewral 2023
651

Bäş müňýyllyk baý taryhly milletimiziň medeni gymmatlyklary bu gün ýekänme-ýekän tutuş dünýä medeniýetiniň hazynasyna öwrülip, adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulýar. Bu babatda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolmagy türkmen medeniýetiniň dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynda öz ornuny tapmagyna uly ýardam edýär. Bu hyzmatdaşlyga ýokary baha berýän hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, halkara guramasy bilen gatnaşygy has-da berkitmek üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny açmak üçin teklibi nazarda tutulyp, 18-nji fewralda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, şeýle-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralarynyň açylyş dabarasy boldy.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ÝUNESKO kafedrasynyň «Medeni miras: geçmişden geljege» diýlip atlandyrylmagy, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň ÝUNESKO kafedrasyna bolsa «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» diýlip at berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda başy başlanan we Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän netijeli gatnaşyklara Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň hem işjeň gatnaşýandyklarynyň aýdyň nyşany boldy. Türkmenistanyň milli topary tarapyndan alnyp barylýan kafedralaryň anyk maksady umumadamzat medeni mirasyny, däp-dessurlary içgin öwrenmek arkaly taryhy we medeni mirasy aýawly saklamak, wagyz-nesihat etmek, kanunçylyk-hukuk esaslaryny we gerek bolan usuly serişdeleri kämilleşdirmek esasynda ýaş alymlaryň mümkinçiliklerini, olaryň ylmy-barlag işlerini giňeltmek, beýleki ÝUNESKO kafedralary bilen degişli maksatnamalardyr çäreler boýunça, şeýle-de bellenen ugur boýunça Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin ýokary okuw mekdepleriniň hyzmatdaşlykly gatnaşyklaryny üznüksiz ösdürmekden we ylmy barlaglary kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar