Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan üstünlikli döwlet syýasatynyň esasynda halkymyzyň taryhy-medeni gymmatlyklaryny giňden öwrenmek, ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy — ÝUNESKO bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek babatynda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Ýeri gelende bellesek, şu ýyl Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýar. Geçen döwrüň içinde ýurdumyzyň medeni-taryhy ýadygärliklerini öwrenmekde, gorap saklamakda we dünýäde giňden wagyz etmekde bu halkara guramasy bilen bilelikde uly işler durmuşa geçirildi. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Türkmenistanyň baý medeni-taryhy mirasyny we ýurdumyzyň täsin tebigy ýerlerini saklap galmakda we wagyz etmekde ÝUNESKO-nyň goldawy ýokary baha bermäge mynasypdyr» diýip belleýär.