Türkmenistan — BAE: ikitaraplaýyn gatnaşyklar ösdürilýär

20 Fewral 2023
409

19-njy fewralda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy.

Dünýä döwletleri, şol sanda Ýakyn Gündogaryň ykdysady taýdan kuwwatly we ösen ýurtlarynyň biri bolan Birleşen Arap Emirlikleri bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde myhmany döwlet Baştutanymyz garşylady. Belent mertebeli myhmana türkmen halkynyň milli myhmansöýerlik ýörelgelerine laýyk gelýän hormat-sarpa bildirildi.

"Nesil".
Beýleki habarlar